Türkmenistan döwletimiz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ulag-logistika ulgamynda dünýä derejeli taslamalary amala aşyrmagyny dowam edýär. Şonuň bilen baglylykda, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurlup ulanmaga berilmegi ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň we halkara gatnaşyklardaky ornunyň barha berkeýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Bu ägirt uly taslama diňe bir ýurdumyzyň içki ulag gatnawyny däl, eýsem, sebitara we halkara ykdysady gatnaşyklar üçin hem möhüm ähmiýete eýedir. Şonuň ýaly-da Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky goňşy döwletler bilen söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary has-da ösdürmäge ýardam berer. Umumy uzynlygy 600 kilometrden ybarat bu awtoban 6 sany hereket zolagyndan ybarat bolup, häzirki zaman inženerçilik kadalaryna doly laýyk gelýär. Bu awtomobil ýoly Aşgabat bilen Türkmenabadyň arasyndaky aralygy has gysga wagtda geçmäge, ýolagçy we ýük gatnawyny çaltlandyrmaga mümkinçilik berer. Bu awtoban Demirgazyk — Günorta we Gündogar — Günbatar halkara ulag geçelgeleriniň möhüm bölegi bolup, Beýik Ýüpek ýolunyň täze görnüşde dikeldilmegine goşant goşar.
Awtobanyň gurluşygynda ulanylan tehnologiýalar iň talapkär halkara bilermenlerini hem haýran galdyrýar. Ýoluň ugrunda gurlan döwrebap awtoduralgalar, ýangyç guýulýan beketler sürüjilerdir ýolagçylar üçin oňaýlylygy üpjün edýär.
Awtobanyň halkara ülňülerine laýykdygy we gowşurylan abraýly şahadatnamalar ýurdumyzyň ulag ulgamynda dünýäniň öňdebaryjy döwletleri bilen bir hatarda durýandygynyň halkara tassyknamasydyr.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylan bu taryhy taslama ýurdumyzyň ykdysady ýüreginiň täze urgusydyr. Bu ýoluň ulanylmaga berilmegi bilen, ýurdumyz durnukly ösüşiň täze tizligine badalga berdi.