Ýurdumyzyň çar künjünde ýerleşýän taryhy ýadygärlikler, binagärlik desgalary, gadymy şäherleriň, galalaryň arheologik galyndylary, şöhratly taryhymyzyň şanly sahypalary milli mertebämizi has-da dabaralandyrýar. Keremli türkmen topragynda dünýäde ekerançylygyň, medeniýetiň ilkinji dörän Goňurdepe, Nusaý, Marguş, Dehistan, Sarahs, Abiwerd, Amul ýaly taryhy binagärlik desgalary, ýadygärlikleri we döwlet taryhy-medeni goraghanalary dünýä jahankeşdelerini haýran edýär. Gadymy Merwiň, Köneürgenjiň we Nusaýyň ýadygärlikleri ählumumy gymmatlyklaryň iň görnükli nusgalary hökmünde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Gojaman Köpetdagy etekläp oturan gadymy Änew şäheri hem ýadygärlikleri, adamzat ýaşaýşynyň dörän ilkinji medeni ojaklary bilen bellidir. Eneolit döwrüne degişli bolan Demirgazyk depe, Ýaryk depe, Günorta depe, Garadepe, Namazgadepe we Göksüýri ýaly gadymy künjekler Änew medeniýetiniň gadymy ilatly nokatlary hökmünde tanalýar.
Arheologiýa ylmynda Änew medeniýetiniň gözbaşy 7 sany medeni gatlaklara bölünilip öwrenilýär. Änew biziň eýýamymyzdan ozalky VI — IV asyrlarda Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda iň rowaçlanan merkezleriň biri hökmünde ykrar edilýär. Edebi çeşmelerde «Änew» sözüniň — pars diliniň «abi-now» («täze-suw») we sumer-akkad rowaýatlarynyň esasy gahrymanlarynyň biri, biziň eýýamymyzdan ozalky 2500-nji ýyla degişli bolan «Fara» («Tanymallaryň sanawy») atly eserindäki Anu sözlerinden emele gelendigi hakynda aýdylýar. Änew sebitleri XV — XIX asyrlar aralygynda «Bagabat» (baglyk mekan) ady bilen taryhda has-da şöhratlanýar. Biziň eýýamymyzdan ozalky VI — IV asyrlarda Änew şäheriniň esasy nyşanlarynda — oňonynda öküziň, möjegiň, laçynyň we ok-ýaýyň bolandygy, halk hünärmentçiliginiň 70-e golaý ugurlary boýunça ösendigi edebiýatlarda bellenilýär. Alymlar gojaman Änewde saklanyp galan ýadygärlikleriň köpüsiniň XV asyryň ortasynda Horasany Babyryň dolandyran döwründe bina edilendigini belleýärler. Änew X — XVI asyrlarda Nusaý welaýatynyň bir etraby, Samarkant — Hyrat söwda ýolunyň esasy merkezleriniň biri bolupdyr. XI asyrdan tä XIII asyryň birinji ýarymyna çenli Änew Naşjuwan ady bilen tanalýar. Akademik G.A.Pugaçenkowa, arheolog A.A.Maruşşenko Änew medeniýetiniň Galaly depedäki yzlaryny Gündogaryň beýik şahyry Abulkasym Mansur Hasan Ferdöwsiniň «Şanamasynda» wasp edilýän Sasanit şasy Hysrow Anuşirwanyň (531 — 579 ýý.) döwri bilen baglanyşdyryp, ony Mesopotamiýadaky Şumer siwilizasiýasynyň, Merkezi Aziýadaky Namazgadepe, Altyndepe, Parfiýa, Jeýtun, Marguş, Göksüýri hem-de Müsür, Hindistan, Wawilon, Hytaý medeniýetleri bilen ýaşytdaş hasaplaýarlar. Amerikan arheology Rafael Pampelli 120 ýyl mundan ozal taryh ylmyna «Änew medeniýeti» diýen adalgany ilkinji bolup girizýär. Änew medeniýetine degişli bolan taryhy ýadygärlikleriň aglabasy Aşgabat — Bäherden ýolunyň ugrunda ýerleşýär. Dürli ýyllarda halkara derejede Änew medeniýetiniň gymmatlyklaryny düýpli öwrenmekde we dünýä ýaýmakda Ý.Atagarryýew, S.Atanyýazow, B.Annagurbanow, K.Gurbansähedow ýaly alymlar, ylmy işgärler uly goşant goşdular. Taryhy edebiýatlarda Änewde däneçilik, dokmaçylyk, awçylyk, tohumçylyk-seçgiçilik, hat-ýazuw, nakgaşçylyk, ýüpekçilik, zikgelemek, suwaryş ulgamy, üzümçilik, magdan eretmek, şekillendiriş, küýzegärçilik bilen baglanyşykly tapyndylaryň müňlerçesi ýüze çykaryldy.
2005-nji ýylda Ýer ýüzünde ilkinji gezek däneçilik pudagynyň şöhratly geçmişini dabaralandyrýan Ak bugdaý muzeýiniň gadymy we meşhur Änew şäherinde açylmagy köpleriň göwün guşuny ganatlandyrdy. Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip ykrar edilmegi watandaşlarymyzy has-da buýsandyrdy. 2023-nji ýylyň 20-nji sentýabrynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şäherinde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasy komitetiniň 45-nji giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Özbegistan we Täjigistan Respublikalary bilen bilelikdäki «Beýik Ýüpek ýoly: Zerewşan — Garagum geçelgesi» atly özünde sebitiň 31 sany (olaryň 7-si Türkmenistanda ýerleşýär) taryhy ýadygärliklerini jemleýän köptaraplaýyn hödürnama toplumynyň çäklerinde Änew medeniýetiniň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşulmagy hem buýsandyryjy wakadyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Änew şäheriniň keşbi medeni, önümçilik, durmuş maksatly desgalaryň hatary bilen düýpli özgerýär, döwrebaplaşýar, ösüşleriň täze bady bilen has-da rowaçlanýar.