Gadymy sungatyň ýaş muşdaklary
weather dashoguz 37° C Daşoguz

Gadymy sungatyň ýaş muşdaklary

Medeniýet
06.06.2026  75

Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynda geçirilen «Çalsana, bagşy!» atly bäsleşigiň Daşoguz welaýat tapgyry ýokary ruhubelentlige beslendi. Bu bäsleşik ençeme ýaş, zehinli bagşy-sazandalaryň ukyp-başarnyklarynyň ýüze çykarylmagynda hem-de sungat äleminde kämilleşmeginde örän ähmiýetlidir. Bu bäsleşigiň esasy maksady milli aýdym-saz sungatymyzda öçmez yz galdyran ussat halypa bagşy-sazandalaryň sünnäläp, kämillik derejesine ýetiren milli mirasyny ýaş nesilleriň arasynda wagyz etmekden we dünýä ýüzüne ýaýmakdan ybaratdyr.

Bäsleşigiň welaýatyň etrapdyr şäherlerinde geçen deslapky tapgyrlarynda ýeňiji bolan ýaş dutarçy bagşy-sazandalar ata-baba miras galan ajaýyp mukamlary, halk aýdymlaryny ýerine ýetirdiler. Eminler topary bäsleşige gatnaşyjylaryň dutarda saz çalyş we bagşyçylyk ussatlygyna, ukyp-başarnygyna we sahnada özlerini alyp baryşlaryna adalatly baha berdiler. Netijede, ýerine ýetirijilik ussatlygy bilen üstünlikli çykyş eden Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň talyplary Sahy Täçmedow bilen Nurana Arazgeldiýewa dagy dutarda saz çalmak ugry boýunça, Akdepe etrabyndaky 52-nji orta mekdebiň mugallymy Perman Gurbanow hem-de Görogly etrabyndaky 7-nji orta mekdebiň mugallymy Aýperi Artykowa dagy bagşyçylyk ugry boýunça bäsleşigiň welaýat tapgyrynyň ýeňijileri diýlip yglan edilip, bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Bäsleşigiň ýeňijilerine we aýratyn tapawutlanan zehinli bagşy-sazandalara TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň sowgatlary gowşuryldy.

Meňzeş habarlar

Medeniýet Bagtly döwrüň eýjejik gyzy
25.03.2025   464
Medeniýet Ýüreklerde orun alan şahyr
30.04.2024   524
Medeniýet Alajalar nagyş hökmünde
09.01.2023   1333
Medeniýet Görelde mekdebi
26.11.2025   166
Medeniýet Dost-doganlyk mukamlary ýaňlandy
17.04.2024   510
Medeniýet Jöwen diňi
20.11.2022   1777
Medeniýet «Çalsana, bagşy! — 2025»
27.08.2025   277
Medeniýet Baý geçmişimiziň belent tarypy
06.04.2024   529
image