Tehnologiýalaryň we innowasiýaly tehnikalaryň barha giň gerim bilen ösýän, özgerýän zamanasynda adamlary geň galdyrmak örän kyn. Emma paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynyň sergiler merkezinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 16 ýyllygyna bagyşlanylyp geçirilen sergä gatnaşan Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabyndan Gaýrat Matkarimowyň tut gabygynyň lötünden taýýarlan kagyz önümleri welin, diňe bir ildeşlerimizi däl, dünýäniň dürli künjeginden gelen myhmanlary hem özüne kökermegi, geň galdyrmagy başardy.
Ol ýönekeý kagyz önümlerini däl-de, öz döwründe Köneürgenjiň «ýüpek kagyzy» diýlip mahabatlandyrylan, at-owazasy Beýik Ýüpek ýoly arkaly Magrypdan Maşryga ýeten kagyz önümleriň taýýarlanylyşynyň gadymy usulyny täzeden dikeltmegiň hötdesinden geldi.
...Dünýäni unudyp, kitap okap oturan mahalyň, onuň käbir sahypalarynyň ýokdugyny duýanyňda ýüregiň gyýylýar, gyzyklanmadan beýniň gyjynýar, ýüregiň oda-köze düşýär. Edil şonuň ýaly, taryhyň hem unudylan hakydasy, «ýiten sahypalary» bar. Gadymy Gürgenjiň kagyz önümçilik senedi taryhy çeşmelerde, syýahatçylaryň ýolýazgylarynda agzalýandygyna garamazdan, şu wagta çenli senetçiligiň ýiten görnüşleriniň biri hasaplanylýardy.
Gaýrat Matkarimow Daşkent medeniýet tehnikumynda, ondan soň Ostrowskiý adyndaky sungat we medeniýet institutynda okan döwründen bäri senetçiligiň bu görnüşini gaýtadan dikeltmegiň küýünde gezdi. Ol institutyň ýadygärlikleri, maddy-medeni gymmatlyklary rejeleýiş-dikeldiş bölüminde okaýan döwri ýokary okuw jaýynyň synag-tejribe ussahanasynda gadymy senetleriň tehnologiýalaryny içgin öwrenýär, bu ugra degişli taryhy çeşmeleri, ylmy edebiýatlary özleşdirip, nazary bilimini berkidýär.
— Yhlasym ahyr ýerine düşdi. Kitap baryny dördüm, emma hiç birinde kagyzyň tutdan alnandygy hakynda aýdylsa-da, ýasalyş tehnologiýasy açyk-aýdyň beýan edilmändir — Gaýrat aga tut şahalarynyň gabygyny arassalap oturyşyna gürrüň berýär: — Soňky on ýylyň dowamynda tejribe geçire-geçire, kagyz ýasamagyň gadymy usulynyň üstünden bardym diýseň hem boljak. Ikirjiňlenmegimiň esasy sebäbi, bu senediň bize mälim bolan bir ülşüni önümçilige girizdim. Entek öňümizde kagyzlary reňklemegiň, olary oýma, basma nagyşlar bilen haşamlamagyň syrlaryny özleşdirmek ýaly has uly maksatlar hem bar. Alymlaryň aglabasy kitap bezegçiliginiň-de, miniatýura sungatynyň-da Köneürgenç medeniýetinden gözbaş alýandygy hakynda aýdýarlar. Häzirki wagtda bu ugurlaryň hem ylmy taýdan öwrenilmegi, gaýtadan dikeldilmegi zerur bolup durýar.
Gaýrat aga «ýüpek kagyz» üçin tut gabygynyň astyndaky ýukajyk ak gatlakdan peýdalanýar. Ol ýaşajyk şahalaryň çapylýan möwsümine, tuduň görnüşlerine görä, kagyzyň hiliniň we reňkiniň dürli-dürli bolýandygyna ençeme ýyllyk tejribesi esasynda göz ýetirdi.
Gaty gabygy ardylyp, suwda ezilen şahalaryň gyrylan ýuka gabygy birki ýola suwda ýuwulýar. Gazanda 12 — 15 sagat gaýnadylandan soň emele gelen tuduň löti guradylýar, şondan soň külke halyna gelýänçä sokuda döwülýär. Soňra ýene suwda ezilip, ýörite galypda sarkýança, kagyz tabyna gelýänçä guradylýar.
Gaýrat aga diňe bir kagyz däl, gadymy usulda syýa taýýarlamagyň, şeýle hem gamşyň ujuny ýiteltmek arkaly ýuwuş galamyny ýasamagyň abyny-tabyny ele alypdyr. Ol güjümiň, tuduň kömründen syýa taýýarlamagyň tehnologiýasyny institutda okan döwürleri öwrenýär.
Gadymy senetleriň tehnologiýasy boýunça institutda sapak beren Mömin aga onuň ilkinji halypasy. Ol bu hakda şeýle gürrüň berýär:
— Onuň sokuda döwlen kömür külkesini elleri bilen suwa garyp durşy heniz-henizlerem göz öňümde. Men şonda: «Halypa, ergini pilçe ýa-da bir taýak bilen garaýsaňyz bolmaýarmy?! Indi kömrüň garasy hepdeläp eliňizden aýrylmaz» diýenimde, onuň:
— Gadymy usulda taýýarlanylýan reňkleri gözüň bilen göreniň ýeterlik däl, ony elleriň bilen hem duýmagyň gerek — diýen sözleri gulagymda galypdyr. Men ondan doly taýýar bolan syýanyň eliňe ýokmazlygy hem-de öwüşgin atyp durmagy üçin oňa talyň şiresini eredip taýýarlanylýan erginiň goşulýandygyny öwrendim. Häzirki wagtda tuduň galyň gabygyny gaýnadyp, ondan goňur reňki almagy synagdan geçirýärin.
Gaýrat aganyň gürrüň bermegine görä, tut agajyndan taýýarlanylýan ýüpek kagyza syçandyr mör-möjekler hem zyýan ýetirip bilmeýän eken.
Gadymy Gürgenjiň kagyz, syýa ýasamak senedine täzeden «jan bagyşlan» Gaýrat aganyň irginsizligine, janypkeşligine haýran galaýmaly. Onuň taryhymyzyň ýiten sahypalarynyň dikeldilmegi, milli mirasymyzyň galkynmagy ugrundaky yhlasy, abyrsyz zähmetsöýerligi, Gürgenç medeniýetini täzeden galkyndyrmak, şöhratyny dünýä ýaýmak babatdaky janköýerligi hakynda näçe aýtsaň hem bärden gaýdýar.
Ine, şeýle durmuş hakykatlary — bagtyýar döwürdeşlerimiziň irginsiz zähmeti, gazanýan üstünlikleri arkaly, täze taryhy döwürde milli mirasymyzy öwrenmek, dünýä ýaýmak babatda döredilýän giň mümkinçiliklerden peýdalanyp, medeniýetimiziň gadymy kökleriniň täzeden galkynýandygyna şaýat bolýarsyň.