Gadamlaryň batly bolsun, «Galkynyş!»
weather dashoguz 27° C Daşoguz

Gadamlaryň batly bolsun, «Galkynyş!»

Jemgyýet
19.03.2026  68

Atlar — tebigatyň döreden gaýtalanmajak peşgeşi. Olarda duýuş agzalary örän güýçli ösen. Atlaryň her birine mahsus ukyplary, başarnyklary bar. Türkmen bedewleriniň görkezen gahrymançylyklary, olaryň namysjaňlygy, duýgurlygy, düşbüligi bilen baglanyşykly taryhda bolup geçen wakalar halkyň arasynda dilden-dile geçip, rowaýata öwrülip gidipdir. Atlaryň bu ukyplary häzirki wagtda has-da kämilleşdi. Munuň şeýledigine sirk oýunlaryna tomaşa edeniňde aýdyň göz ýetirýärsiň. Taryha ser salanyňda, sirk oýunlarynyň gaty ir döwürlerde görkezilip başlanandygyny bilmek bolýar. Dünýäde ilkinji sirk binasy 1777-nji ýylda Londonda gurulýar. Iňlis goşunynyň ätiýaçdaky serkerdesi Filip Estli 1770-nji ýylda harby gullukdan gaýdyp gelensoň, Londonda at münmegi öwredýän mekdebi esaslandyrýar. Atly goşunda gulluk eden bu ýigidiň tagallasy bilen ýaş çapyksuwarlar gysga wagtda at münmegiň, atlara dürli oýunlary etdirmegiň tilsimlerini ele alyp başlaýarlar. Şeýdibem, olar atly akrobatika oýunlaryny görkezip, ilkinji çykyşlaryny gurap ugraýarlar. Londonda aýlawly meýdançaly sirk desgasy Filip Estliniň tagallasy bilen gurlupdyr. Sirk sözüniň özi hem «circus» diýen latyn sözünden gelip çykyp, tegelek diýmegi aňladýar.

Berilýän maglumatlara görä, Ýer ýüzünde at tohumlarynyň iň gadymylarynyň biri hem ahalteke bedewleridir. Türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan, taryhda «Nusaý», «Parfiýa atlary» ady bilen tanalan ahalteke bedewleri özleriniň adaty bolmadyk ukyp-başarnyklary, taýsyz gözelligi, çydamlylygy, ýyndamlygy bilen beýleki at tohumlaryndan düýpli tapawutlanýarlar.

Taryhda türkmen bedewleri atly ýörişlerde-de, at çapyşyklarynda-da, at üstündäki oýunlarda-da, atly sport ýaryşlarynda-da üstünlikler gazanyp, dünýä tanalýar. Bu günki gün türkmen bedewleri sirk manežinde toparlaýyn hem ýekelikde, şeýle-de jigitler bilen bile dürli çykyşlary ýerine ýetirýärler. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň toýlanýan «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda bolsa türkmen bedewleriniň bu ukyp-başarnyklaryny bütin dünýä ykrar etdi. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary ýylymyzyň ilkinji günlerinde Bütindünýä sirk federasiýasynyň hem-de Ýewropa Sirk assosiasiýasynyň ýörite şahadatnamalaryna mynasyp boldy. Halkara sirk festiwallarynda türkmen bedewlerimiziň, gaýratly ýigitlerimiziň çykyşlaryny synlamak her birimize uly buýsanç duýgusyny bagyş edýär. Gadym döwürlerden mertligiň, gaýduwsyzlygyň janly alamaty bolan bedewler häzirki döwürde agzybirligiň, jebisligiň, dostlugyň, ösüşiň nyşanyna öwrüldi. Biziň bedewlerimiz ýyndamlygyň nyşany hasaplanýar. Şonuň üçin hem biz ýurdumyzyň ösüşini bedewlerimiziň badyna deňeýäris. Türkmen bedewleriniň at-owazasyny bütin dünýä ýaýýan «Galkynyşyň» gadamlary batly bolsun!

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Köňülleriň çyragy sen, Pyragy!
10.04.2024   349
Jemgyýet Dünýäniň belent ykrary
09.01.2026   91
Jemgyýet Bäsleşigiň Daşoguz welaýat tapgyry
20.02.2026   73
Jemgyýet Änew — ekerançylygyň mekany
18.09.2024   426
Jemgyýet Rowaçlanýan ýörelge
06.12.2025   135
Jemgyýet Mährem ýürekleriň buýsanjy
06.03.2025   280
Jemgyýet Oraza baýramyna
26.03.2025   282
Jemgyýet Bagtyýarlygyň buýsançly söhbedi
04.04.2025   310
image