Eziz Diýarymyz — mukaddes seždegähimiz
weather dashoguz 26° C Daşoguz

Eziz Diýarymyz — mukaddes seždegähimiz

Jemgyýet
23.07.2024  368

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlislerinde Watan gullukçylarynyň arasynda ýaşlaryň watanperwerlik terbiýesini yzygiderli ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri kämil derejede guramagyň zerurdygyna ünsi çekýär. Watana gulluk etmegiň, ony jandan eziz görüp goramagyň we ýurdumyzy gülledip ösdürmek üçin hyzmat etmegiň her bir ynsanyň ömrüniň manysy, mertebeli ýaşaýşynyň özeni, maksat-myrady bolup durýandygyny pent-nesihat edýär. Çünki Watan ogullarynyň — merdana, batyr gerçekleriň watanperwerlik duýgusy her gysym topragyň keramatdygyna uýmakdan, şöhratly geçmişimize, öý-ojagyň mukaddesligine, il-ulsuň, ata-babalaryň çuňňur pähimine hormat-sarpa goýmagy başarmakdan başlanýar. Şöhratly geçmişine sarpa goýýan nesil şu günüň bagtyýarlygyna guwanyp, geljegiň röwşendigine ynanyp, eziz topragyna söýenip ýaşaýar.

Biziň Watana bolan söýgimiz ata-babalarymyzyň nesilleriň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin görkezen gahrymançylyklarynyň üstümizde ganat gerýän ölmez-ýitmez ruhlary bilen utgaşýar, bir bitewi güýje öwrülýär. Ynsan geçmişiniň beýikligini, köki-damarynyň çuňlugyny, köňlüniň rahatlygyny, şu gününiň bagtyýarlygyny, sarsmaz-synmaz rysgal-döwletliligini diňe öz Watanynyň goýnunda görýär. Göbek ganymyz daman Watan topragy, ony goramak, özgertmek üçin halal zähmet çekip, döken alyn derimiz biziň üçin iň gymmatly mertebedir. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy döwürleriň we nesilleriň aýrylmaz baglanyşygynyň mizemezligini, ynsanperwerligiň beýik gymmatlyklaryny, parahatçylyk we döredijilik ýörelgelerine ygrarlylygy Watana wepalylygyň beýik ruhunda görýär.

Döwür bilen deň gadam basýan, gün-günden däl-de, sagatsaýyn ösýän ata Watanymyz biziň her birimiziň köňül buýsanjymyz, başymyzyň täji. Watan — bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyk. Şol gymmatlyga düşünmek, ony goramak, söýmek, onuň ösüşlerine öz goşandyňy goşmak biziň her birimiziň mukaddes borjumyz.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Baky bagtyň binýady
19.05.2025   232
Jemgyýet Bagtyýar durmuşa buýsançly ýaşlar
04.07.2025   290
Jemgyýet Halypa-şägirtlik ýörelgesine eýerip
05.07.2024   391
Jemgyýet Şöhraty jahana dolan Pyragy
18.12.2024   317
Jemgyýet Dostlukly ýörelgeler rowaçlanýar
10.11.2025   131
Jemgyýet Edep-terbiýe ýörelgesi
14.11.2024   348
Jemgyýet Bagtyýarlygyň röwşen ýoly
26.01.2026   81
image