Energetika ulgamy ösüş ýolunda
weather dashoguz 17° C Daşoguz

Energetika ulgamy ösüş ýolunda

Energetika
07.01.2023  240

  Ýurt Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary bilen pudagyň maddy-enjamlaýyn binýady has-da pugtalandy. Täze gurulýan we ulanylmaga berilýän gaz turbinaly elektrik stansiýalaryň hasabyna ulgamyň önümçilik kuwwaty hem birnäçe esse artdy. Hormatly Prezidentimiziň atalyk aladalary netijesinde pudaga zerur bolan hünärmenleri taýýarlamak meselesinde hem görnetin öňegidişlikler gazanyldy. Mysal üçin, talyplaryň bu ugurdan dürli hünärleri ele almaklary üçin ähli amatly şertler döredilen, ýokary tehnologiýaly enjamlar bilen üpjün edilen Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň açylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu ýerde okaýan talyplaryň hasabyna ulgamy hünärmenler bilen üpjün etmek, olary pudagyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek işlerine giňden çekmek göz öňünde tutulýar. Şonuň bilen birlikde, pudakda ulanylýan ýokary tehnologiýaly enjamlar bilen işlemegi başarýan ýaşlary bu ugurdan degişli tejribeleri bolan daşary ýurtlaryň okuw merkezlerine hünärlerini kämilleşdirmek üçin ibermekmeýilleşdirilýär.
Mundan başga-da, ýurdumyzda öndürilýän elektrik energiýasyny daşary ýurtlara ibermegiň möçberini artdyrmak üçin mümkinçilikleriň bardygy ulgamyň ýokary depginler bilen ösdürilmegine itergi berýändigini-de bellemek gerek. Şu ýagdaýlar bolsa, häzirki wagtda ýurdumyzyň energetika howpsuzlygynyň doly üpjün edilendigine esas döredýär. Sarp edijileri elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün etmegi ýola goýmak bilen birlikde, elektrik energiýasynyň tygşytly ulanylmagyna gözegçilik etmek, ony uzak aralyklara ibermek üçin tehnologik harajatlary azaltmak boýunça çäreleriň hem pudak üçin möhüm ähmiýetiniň bardygyny aýtmak gerek.

Meňzeş habarlar

Energetika Senagat
16.10.2023   312
image