Enelere sarpanyň beýany
weather dashoguz 23° C Daşoguz

Enelere sarpanyň beýany

Jemgyýet
06.03.2026  64

Halkara zenanlar güni mynasybetli, Daşoguz welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda dabaraly maslahat geçirildi. Oňa häkimligiň jogapkär işgärleri, welaýatyň syýasy-jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri, dürli ugurlarda zähmet çekýän işjeň zenanlar, mährem eneler, talyp gyzlar gatnaşdylar.

Dabaraly maslahatda çykyş edenler ýurdumyzyň zenanlary hakdaky aladalaryň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde durmuşa geçirilýändigini, zenanlara döredilýän ähli şertleriň ýokary netijelerini berýändigini uly buýsanç bilen belläp geçdiler. Baýramçylyk mynasybetli ýagşy arzuwlar, gutlag sözleri beýan edildi.

Soňra dabara gatnaşýan mährem enelere welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň baýramçylyk sowgatlary, ter gül çemenleri dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Ajaýyp pursatlaryň dowamy welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlaryna utgaşdy.

Şeýle mazmundaky baýramçylyk dabarasy Daşoguz şäher häkimliginiň mejlisler zalynda hem geçirildi. Dabarada mährem eneleriň uly toparyna jemgyýetçilik guramalarynyň baýramçylyk mynasybetli taýýarlan sowgatlary gowşuryldy.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet «Täze güni» buşlaýan sene
21.03.2024   404
Jemgyýet Magtymguly — halkyň beýik danasy
22.07.2024   365
Jemgyýet Baýramçylygyň taryhy
21.12.2024   332
Jemgyýet Dost-doganlygyň aýdyň nyşany
19.11.2025   123
Jemgyýet Halypanyň üstünligi
10.07.2025   277
Jemgyýet Dili senaly goja
26.08.2024   416
image