Watana, halka bolan söýgi maşgaladan başlanýar. Maşgalany berk hem agzybir saklamak bolsa eneleriň elinde. Nesilleri ynsanperwer, watansöýüji, ahlakly edip ýetişdirmekde enelerimiziň paýy örän uly. Mähriban eneler — nesilleri terbiýeleýjiler, mukaddes ojagymyzyň eýeleri. Olar bütin dünýämizi söýgi bilen gurşap alýar. Gadymy halkymyz zenan maşgalany hormatlap, oňa öýüniň hem ýüreginiň törüni ynanyp gelipdir.
Hakykatdan-da, ojagyň eýesi, nesil daragtynyň köki hasaplanýan enelerde beýik keramat bar. Bagtyýar döwrümizde mähriban enelerimize, zenanlarymyza goýulýan sarpa örän ýokary. Hormatly Prezidentimiziň Permany bilen sekiz we ondan köp çagany dünýä inderen, terbiýeläp ýetişdiren enelere Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly ady dakylýar.
Ene — öz çagasyny sagdyn, edepli-ekramly edip ýetişdirmek üçin ençeme gijelerini ukusyz geçirýän ynsan. Ene — biz hakynda özümizdenem köp alada edýän zenan. Ene — ýaşaýşymyzyň ýagtysy, barlygymyzyň sebäpkäri. Gussaly wagtymyz umydymyz, ejiz wagtymyz gurbatymyz. Ene — dünýämizi mähri bilen ýyladýan hem ýagtyldýan ýeke-täk güneş. Ene — başymyzyň tylla täji.
Türkmen zenanlarynyň asyllylyk, sypaýylyk, salykatlylyk ýaly ajaýyp häsiýetlerini özünde jemleýän mähriban enelerimiziň nusgalyk göreldesi ýolumyza şamçyragdyr.
Ene mukaddesdir