Ene — görelde mekdebi
weather dashoguz 38° C Daşoguz

Ene — görelde mekdebi

Jemgyýet
19.12.2025  154

Mugallym bilim berýän çagalary üçin hem ene hem terbiýe mekdebi bolmagy başarmaly. Dünýe döräli bäri Watan goran şirleri, dili senaly pirleri, gerçekleri-ärleri dünýä beren eneler edep-ekramyň nusgasy, görelde mekdebi hasaplanyp gelnipdir. Bu asylly ýörelge şu günki bagtyýar günlerimizde has hem kämilleşdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» diýen ýörelgesi biz üçin uly mekdepdir. Ene haýsy kärde işlese-de ol eneligine galýar. Ol öz balalarynyň abraýly, asylly, bagtly, bilimli, ilhalar bolmagy üçin öz ömrüni bagyş edýär. Ene ýaşaýşyň başlangyjy, ömrüň örki, durmuşyň görki. Eneleriň hatda hüwdüleri-de öz balasyna bolan alkyşlar bilen püre-pürdir.

Nesil terbiýesinde paýhasly atalarymyzyň, mährem enelerimiziň dana sözleriniň, wagyz-nesihatynyň zerurdygy, ýaşlaryň edepli bolmagy üçin diňe bir ene-atalaryň däl, eýsem mugallymlaryň, her bir raýatyň hem yzygiderli alada etmelidigi ündelýär. Şeýle hem  şu günki nesillerimizde ahlaklylyk, halallyk, ynsanperwerlik, pespällilik, rehimdarlyk, akyl we aň taýdan kämillik ýaly häsiýetleriň jemlenmegi üçin her bir adamyň alada etmelidigi we şu häsiýetlere eýe geljegimiz bolan ýaşlaryň Watanymyzyň mynasyp nesilleri boljakdygy aýdyň hakykat.

Arkama-arka gelýän milli ýörelgelerimizden ugur alyp ýurdumyzyň bilim-terbiýeçilik edaralarynda zähmet çekýän mugallymlar öz mugallymçylyk işinde çagalary aýratyn üns we alada bilen gurşaýarlar. Olaryň edepli, watansöýüji, beýik adamkärçilikli, zähmetsöýer, ula-kiçä sarpa goýýan, parasatly, gaýratly adamlar bolup ýetişmekleri üçin yhlas edýärler. Hormatly Prezidentimiziň döwlet derejeli, il bähbitli, ýurt ähmiýetli, dünýä tejribelik görüm-göreldesini, asylly işlerini synlap ähli nesillerimizi hut şonuň ýaly terbiýelemegi maksat edinýärler. Eger biz şeýle nesilleri kemala getirip bilsek, onda biziň geljegimiz deňsiz-taýsyz ösüşlere beslener,  ygtybarly ellerde bolar. Çünki şu günki nesilleriň terbiýesi ertirki abadançylygymyzyň we agzybirligimiziň goragydyr.

Ene çagalaryna gowulyklary ündäp, olaryň il derdine, Watan gullugyna hemişe taýýar bolmaklary üçin gije-gündiz yhlas, alada edýär. Berkarar döwletimizde özleri hakyndaky aladalaryndan, sylag-sarpasyndan ruhlanýan bagtyýar enelerimiziň mähirli kalbynda hormatly Prezidentimize, Garaşsyz, Bitarap  Watanymyza bolan hoşallyk duýgusy, belent buýsanjy joş urýar. Ýurdumyzda çagalar hakynda edilýän aladalar bolsa eneleriň başyny göge ýetirýär.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Şanly senä bagyşlandy
03.12.2024   363
Jemgyýet Parahatçylygyň aýdyň ýoly
10.01.2026   136
Jemgyýet Kämilligiň berk sütüni
14.02.2026   107
Jemgyýet Ylym-bilim — ynsan zynaty
13.04.2026   75
Jemgyýet «Behişdi bedewler – uçar ganatym»
25.04.2026   95
image