Eli tagamly çeper gyzlar
weather dashoguz 15° C Daşoguz

Eli tagamly çeper gyzlar

Jemgyýet
22.03.2024  565

Daşoguz şäherindäki «Bagt köşgi» toý dabaralary merkezinde Daşoguz welaýat häkimliginiň guramagynda «Eli tagamly çeper gyzlar» ady bilen talyp gyzlaryň arasynda geçirilen bäsleşik hem baý mazmuna eýe boldy.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzda giňden bellenilýän Milli bahar baýramyny dabaralandyrmak maksady bilen geçirilen bäsleşige Daşoguz welaýatynyň çägindäki ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyp gyzlary işjeň gatnaşdylar. Bäsleşigiň birinji şertine laýyklykda, gyzlar «Bereketli türkmen saçagy» atly kitapdan ugur alyp, tagamlara baý toý saçagyny taýýarlamak, datly milli naharlary hödürlemek we olary şahyrana sözler bilen taryp etmek boýunça bäsleşdiler. Talyp gyzlar emin agzalarynyň aýry-aýry tagamlaryň taýýarlanylyş aýratynlyklary hakynda beren soraglaryna jogap berdiler. Bäsleşigiň ikinji şerti eli datly gyzlary saýlap-seçmekde möhüm tapgyr boldy. Talyp gyzlar uzyndan seçelenip duran unaş kesmegiň hötdesinden ussatlyk bilen geldiler.

Üçünji tapgyrda talyp gyzlar Nowruzyň, bahar paslynyň waspyny aýdym-sazlaryň, gazallaryň, dessanlaryň üsti bilen ýetirmek boýunça bäsleşdiler. Bäsleşigiň netijesine görä, Türkmen oba hojalyk institutynyň, Daşoguzyň lukmançylyk orta okuw mekdebiniň talyplary birinji, Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň, Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň talyplary ikinji, Daşoguz welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň, Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyplary üçünji orunlary eýelediler. Ýeňiş gazanan talyp gyzlar Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Daşoguz welaýat bölüminiň, TMÝG-niň Daşoguz welaýat geňeşiniň, TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň, TDP-niň Daşoguz welaýat komitetiniň sowgatlary bilen sylaglandylar.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Wagyz-nesihat çäresi
08.04.2026   136
Jemgyýet Dabarasy dünýä dolan Watanym
26.06.2024   475
Jemgyýet Ylhamly pursatlaryň duralgasy
24.04.2026   161
Jemgyýet Syýasy waka bagyşlandy
07.08.2025   292
Jemgyýet Sanly ykdysadyýet — döwrüň talaby
03.12.2024   484
Jemgyýet Belent hormatyň dabaralanmagy
06.03.2026   119
Jemgyýet Maşgala mukaddesligi wagyz edildi
15.08.2024   438
Jemgyýet Hoş habaryň ýakymy
02.01.2025   417
image