Ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge goşant
weather dashoguz 4° C Daşoguz

Ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge goşant

Syýasat
15.03.2024  185

Bag ekmek ýaly asylly ýörelgeleriň üstünlikli rowaçlanýan döwründe daşky gurşawy goramak, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek babatynda birnäçe işler durmuşa geçirilýär. Ata Watanymyzyň çar künjeginde saýa salýan baglar nurana baharyň gözelligini artdyrýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda, şu ýylyň 16-njy martynda ählihalk bag ekmek möwsümine badalga berler. Akyldar şahyrymyzyň ady bilen bagly bolan şanly ýylymyzda ýurdumyzda 3 million düýp bag nahalyny oturtmak meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda bu asylly işe mynasyp goşant goşmak maksady bilen, Daşoguz welaýatynyň ähli künjeginde ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görülýär. Welaýat boýunça ekiljek bag nahallary doly taýýar edilip, häzirki wagtda baglaryň ekiljek ýerlerinde taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň: «Ýurdumyzda köpçülikleýin bag ekmek çärelerini geçirmek arkaly ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge goşant goşarys» diýip belleýşi ýaly, her ýylda ýazky we güýzki bag ekmek möwsümleri giň gerimde guralýar. Bilşimiz ýaly, Türkmenistan döwletimiz häzirki wagtda dünýä jemgyýetçiliginde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek maksady bilen, birnäçe başlangyçlary öňe sürýär. Şunda Türkmenistanyň Prezidentiniň geçen ýylda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilen Howanyň üýtgemegi  boýunça halkara maslahatynda öňe süren başlangyçlarynyň uly ähmiýete eýedigini bellemek ýerliklidir.

Arassa howanyň, asuda asmanyň bar bolan ýerinde abadançylyk, rowaçlyk, ýaşaýyş bardyr. Halkyň bagtyýar ýaşaýşyny üpjün etmekde daşky gurşawy goramak babatda alnyp barylýan giň gerimli işleriň hatarynda däbe öwrülen ählihalk bag ekmek möwsümi hem ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge goşýan uly goşandydyr. Her ýylda badalga berilýän   bu ajaýyp çäre ata-babalarymyzyň bag ekmek baradaky asylly ýörelgeleriniň taryhy döwürde barha rowaçlanýandygyny alamatlandyrýar. Baglar ömürlere, döwürlere saýadyr. Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek babatynda durmuşa geçirilýän beýik işler halkymyzy asylly işlere, maksatly tutumlara ruhlandyrýar.

image