Ekologiýa abadançylygy — wajyp ugur
weather dashoguz 23° C Daşoguz

Ekologiýa abadançylygy — wajyp ugur

Jemgyýet
20.05.2026  35

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyz BMG-niň Daşky gurşawy goramak baradaky maksatnamasy, Global ekologiýa gaznasy ýaly abraýly düzümleri bilen hyzmatdaşlygynyň çäklerinde milli hem-de sebit derejelerinde ekologiýa maksatnamalarynyň, taslamalaryň ençemesini amala aşyrýar. Köp sanly halkara guramalaryň agzasy bolmak bilen, umumylykda kabul edilen Konwensiýalaryň, halkara ykrar edilen kadalara laýyk gelýän ýörelgeleriň esasynda yzygiderli hereket etmegi ýurdumyzyň oýlanyşykly ekologiýa syýasatynyň örän netijeli bolmagyna şert döredýär.

Bu ädimleriň baş ugry «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», Howanyň üýtgemegi boýunça Türkmenistanyň Milli strategiýasynyň rejelenen görnüşinde we beýleki resminamalarda aýdyň kesgitlenildi.

Türkmenistanyň tebigaty, daşky gurşawy goramak, ekologiýa bilen baglanyşykly garaýyşlary, öňe sürýän möhüm teklipleri hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň aprel aýynda Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde geçirilen Sebitleýin ekologiýa sammitindäki hem-de Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisindäki çykyşlarynda giňden beýan edildi. Munuň özi häzirki döwrüň gaýragoýulmasyz ekologiýa meseleleriniň oňyn çözgüdiniň üpjün edilmeginde halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly ähmiýet bermegiň derwaýysdygyny alamatlandyrýar.

Türkmenistanyň  Prezidenti sammitde eden çykyşynda: «Türkmenistan bu sammitde howa tehnologiýalary boýunça sebit merkezini, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlary üçin çölleşmä garşy göreşmek boýunça sebit merkezini döretmek baradaky başlangyçlary öňe sürýär» diýip bellemek bilen, şeýle halkara düzümleriň ekologiýa meselelerini, tebigy hadysalary takyk anyklamaga hem-de olary ýeňip geçmäge ýardam berjekdigini aýtdy. Bu bolsa ýerleriň şorlaşmagynyň, çölleşmäniň we beýleki ekologiýa töwekgelçilikleriniň öňüni almagyň ygtybarly ýoludyr.

Şonuň bilen birlikde-de, hormatly Prezidentimiz agzalan mejlisde: «Sebitiň ekologik meseleleri boýunça halkara tagallalary birleşdirmek ýörelgesinden ugur alyp, Türkmenistan BMG-niň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek başlangyjy bilen çykyş etdi. Ýakyn wagtda ol Aşgabatda öz işine başlar» diýip, belläp geçdi. Bu aýdylanlar Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň dürli derejedäki sammitlerde, halkara guramalaryň mejlislerinde, BMG-niň belent münberinde öňe sürýän başlangyçlarynyň, derwaýys teklipleriniň bütin dünýä jemgyýetçiliginiň uly gyzyklanmasyna, çuňňur goldawyna eýe bolýandygyny subut edýär.

Hormatly Prezidentimiziň mejlisde eden çykyşynyň dowamynda: «Şu maksat bilen, Türkmenistan dünýäde bolup geçýän üýtgeşmeleri, şol sanda geosyýasy we ykdysady häsiýetli ýagdaýlary göz öňünde tutup, Merkezi Aziýa ýurtlary tarapyndan BMG bilen AHHG-niň hyzmatdaşlygy baradaky Baş Assambleýanyň täze kararnamasyny bilelikde işlemegi teklip edýär» diýmek bilen, Aral deňziniň halas edilmeginiň sebitiň ähli ýaşaýjylary üçin örän möhümdigini, olaryň ykbaly bilen baglanyşykly mesele bolup durýandygyny, şoňa görä-de, oňa täzeçe çemeleşmegiň zerurdygyny nygtady.

Watanymyzyň tebigaty, daşky gurşawy goramak, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek baradaky şeýle parasatly ýörelgelere eýermegi olaryň geljek nesillere tämiz hem-de asyl durkunda ýetirilmegine gönükdirilýär. Şoňa görä-de, bu ugurlarda gazanylýan üstünlikler  guwandyryjydyr.

 

 

Meňzeş habarlar

Jemgyýet «Sary maýam çöküp otyr...»
20.10.2025   174
Jemgyýet Ylmyň gadymy mekany
12.06.2025   213
Jemgyýet Baş baýlygyň goragynda
18.08.2025   198
Jemgyýet Derde melhem şypahana
02.08.2024   483
Jemgyýet Nesillere nusga bolan ömür
09.05.2026   51
Jemgyýet Ynsanperwerligi ýörelge edinip
08.07.2025   244
Jemgyýet Baýramçylyk dabarasy geçirildi
01.01.2026   153
image