Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, tebigatyň gözelliklerini goramak babatda uly işler amala aşyrylýar.
Belli bolşy ýaly, ýurdumyz tarapyndan daşky gurşaw bilen baglanyşykly sebit, dünýä ähmiýetli başlangyçlaryň, teklipleriň ençemesi öňe sürüldi. Olaryň abraýly halkara guramalaryň, şol hatarda, Birleşen Milletler Guramasynyň, Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň mejlislerinde, sammitlerinde ara alnyp maslahatlaşylandygy, şolar boýunça degişli Kararlaryň kabul edilendigi mälimdir.
Şonuň ýaly-da, ýurdumyzyň tebigaty goraýyş ulgamynyň kanunçylyk esaslary berkidilip, oňa degişli onlarça kada-kanunlar işlenilip taýýarlanyldy we güýje girizildi.
Şeýle derwaýys başlangyçlary işjeň dowam etdirmek bilen, bu ugurdaky aladalara, möhüm taslamalara has-da giňden badalga berildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasyna, Howanyň üýtgemegi boýunça Milli strategiýasyna, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda durmuşa geçirilýän çäreler oňat netijeleri berýär. Munda şeýle möhüm döwlet maksatnamalarynyň daşky gurşaw bilen sazlaşykly ýerine ýetirilmeginiň esasy wezipeleriň biri hökmünde öňde goýulmagy uly ähmiýete eýe bolýar. Çünki ol ykdysadyýetiň ekologiýalaşdyrylmagyna, senagat kärhanalarynyň ekologiýa howpsuzlygynyň talaplaryny berk berjaý etmegine gönükdirilendir.
Bu barada aýdylanda, ýurdumyzyň oba hojalyk, azyk, dokma senagaty pudaklarynda öndürilýän önümleriň ekologiýa taýdan arassa bolmagy baradaky talaplaryň mysal alynmagy has-da ýerliklidir. Sebäbi olar halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşy, saglygy babatda örän ähmiýetlidir.