Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen, Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda daşky gurşawy goramaga, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen möhüm çäreler amala aşyrylýar.
Belli bolşy ýaly, ýurdumyz Amyderýadan Hazar deňzine, Aýböwür gyrlaryndan Köpetdagyň gerişlerine çenli aralykda giň meýdany eýeleýär. Başgaça aýdylanda, onuň meýdany 491,2 müň inedördül kilometre barabar bolup, şonuň 80 göterimden gowragyny Garagum çöli, galan bölegini medeni zolaklar, suw mesgenleri tutýar. Şundan görnüşi ýaly, ata Watanymyz öz çäkleriniň giňligi boýunça dünýäde öňdäki hatarlarda durýar.
Elbetde, halkymyza peşgeş berlen bu ýerleriň özboluşly tebigaty, baýlyklary, ajaýyp gözellikleri bar. Olara mysal hökmünde Köýtendagyň, Köpetdagyň täsinliklerini, dere-jülgelerini, gojaman Hazaryň, Garagumuň jümmüşinde ynsan eli bilen gurlan «Altyn asyr» Türkmen kölüniň gaýtalanmajak aýratynlyklaryny, öwşün atýan suwlaryny we başgalary görkezmek mümkin. Häzirki wagtda olaryň diňe bir biziň ýurdumyzyň, halkymyzyň däl, eýsem, tutuş adamzadyň guwanç-buýsanjyna öwrülendigini aýtmak bolar. Munuň şeýledigini geçen ýylyň özünde ýurdumyzyň döwlet tebigy goraghanalarynyň birnäçesiniň gözellikleriniň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi-de aýdyň tassyklaýar.
Şeýle ajaýyp tebigatymyzy goramak, daşky gurşawyň abadançylygyny, arassalygyny gazanmak ýurdumyzda durmuşa geçirýän oýlanyşykly ekologiýa syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup, ol uzak geljegi nazarlaýar. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti: «Ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet ekologiýa syýasatynyň esasy maksady türkmen halkynyň arassa daşky gurşawda ýaşamagyny üpjün etmekden, tebigy baýlyklarymyzy rejeli peýdalanmakdan, ösümlik we haýwanat dünýäsini baýlaşdyrmakdan, gözel tebigatymyzy aýawly saklamakdan we geljek nesillerimize has gözel görnüşde ýetirmekden ybaratdyr» diýmek bilen, şeýle möhüm aladalaryň ugruny anyk kesgitleýär.
Häzirki wagtda öňde goýulýan şeýle ähmiýetli wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy daşky gurşawy goramak hem-de ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek babatdaky işleriň toplumlaýyn alnyp barylmagy bilen baglanyşyklydyr. Şonda ýurdumyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak, çölleşmä, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek, suw serişdelerini rejeli ulanmak, ýerleriň zaýalanmagynyň öňüni almak we beýlekiler esasy üns berilýän ugurlaryň hatarynda goýulýar.
Garaşsyz ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygynyň, tebigy gözellikleriniň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşynda tutýan orny örän uludyr. Çünki olaryň goralmagynyň ynsanyň asuda, parahat ýaşamagynyň üpjün edilmegindäki ähmiýetini hiç bir zat bilen çalşyp bolmaýar. Aýdylyşy ýaly, tebigat biziň ählimiziň öýümiz. Şoňa görä-de, onuň goragynyň gözüň görejiniň goralyşy bilen deňelmegi ýöne ýere däldir. Ata Watanymyzda bu ugurda amala aşyrylýan işler öz gözbaşyny şeýle ýörelgelerden alyp gaýdýar.