«Ekologik medeniýet» atly festiwal
weather dashoguz 11° C Daşoguz

«Ekologik medeniýet» atly festiwal

Jemgyýet
11.11.2024  293

Golaýda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň hem-de BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň ýurdumyzdaky wekilhanasynyň guramagynda Daşoguz welaýat kitaphanasynda «Ekologik medeniýet» atly festiwal geçirildi. Oňa welaýatdaky ýokary we orta okuw mekdepleriniň talyplary, mekdep okuwçylary gatnaşdylar. Festiwalyň esasy maksady ýaşlaryň ekologiýa, daşky gurşawy goramak baradaky bilim-düşünjelerini artdyrmakdan, bu ugurdaky döredijilik ukyp-başarnyklarynyň ösdürilmegine ýardam bermekden ybarat boldy.

Bu ekologiýa çäresiniň açylyş dabarasynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rüstemowa, Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň bölüm başlygy Rüstem Nuryýew we beýlekiler gutlag sözleri bilen çykyş edip, Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda ekologiýany gowulandyrmak, tebigatymyzy has-da gözelleşdirmek babatda amala aşyrylýan işler, şol ugurda abraýly halkara guramalar bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlyklar hakynda gürrüň berdiler hem-de ekofestiwalyň şertlerini ýerine ýetirmekde oňa gatnaşyjylara döredijilik üstünliklerini arzuw etdiler.

Ekofestiwalyň dowamynda ýaşlaryň ekologiýa, tebigaty goramak bilen baglanyşykly taýýarlan taslamalary, çeken suratlary, el işleriniň nusgalarynyň sergileri, ekowideofilm görkezilip, olar barada pikir alşyldy hem-de hemmetaraplaýyn baha berildi. Şonuň ýaly-da bu babatda döredilen goşgulary, beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň tebigat gözelliklerine bagyşlanylan şygyrlaryny aýdyp bermek we beýleki ugurlar boýunça bäsleşikler guraldy. Çärede ýokary baha mynasyp bolan ýaşlara sowgatlar gowşuryldy.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Bagtly geljegiň we ösüşiň binýady
11.02.2026   64
Jemgyýet Watan gahrymanlaryna buýsanç
10.05.2024   368
Jemgyýet Gül zeminiň zynaty
07.03.2026   47
Jemgyýet Baýramçylyk dabarasy geçirildi
04.12.2024   309
Jemgyýet Dabaraly maslahat geçirildi
05.09.2025   166
Jemgyýet 6-njy oktýabr — Hatyra güni
06.10.2025   116
image