Ekişiň depgini güýçlenýär
weather dashoguz 39° C Daşoguz

Ekişiň depgini güýçlenýär

Ykdysadyýet
29.03.2025  298

Köneürgenç etrabynyň ekerançylary her ýyl ýeralmanyň, gök önümleriň bol hasylyny ýetişdirmekde ýokary netijeleri gazanýarlar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem olar bu ugurda gaýratly zähmet çekýärler.

Şu ýyl etrap boýunça 550 gektarda ýeralma, 180 gektarda sogan hasylyny ýetişdirmek göz öňünde tutulýar. Bu ugurda kärendeçileriň ýüzlerçesi daýhan birleşikleri bilen şertnama baglaşyp, olaryň ekişini gyzgalaňly dowam etdirýärler. Ekiş geçirmekde «Täze güýç» daýhan birleşiginiň ekerançylary aýratyn tapawutlanýarlar. Bu daýhan birleşigi boýunça şu ýyl 50 gektarda ýeralma, 13 gektarda sogan ekişini geçirmeklik meýilleşdirilýär. Daýhan birleşiginiň tejribeli kärendeçileri Haldurdy Annaýew 6,9, Parahat Tontaýew 5,5, gektar ýerde ýeralmanyň, Arazgeldi Akgaýew 3,7, Meretbaý Amanow 3,2 gektar ýerde soganyň ekişini irki möhletlerde geçirdiler. Etrabyň «Akgala», «Bereket» daýhan birleşiklerinde hem ýeralmanyň, soganyň ekişi guramaçylykly dowam edýär.

Meňzeş habarlar

Ykdysadyýet Kömelegiň bereketli hasyly
27.10.2025   175
Ykdysadyýet Raýat goranyşyna bagyşlanyldy
25.01.2023   467
Ykdysadyýet Ýokary hilli önümler
19.06.2024   304
Ykdysadyýet Gök önümleriň bolçulygy ugrunda
28.07.2025   237
Ykdysadyýet Şalyçylaryň zähmet üstünligi
02.12.2024   319
Ykdysadyýet Obanyň özgerýän keşbi
03.07.2024   405
Ykdysadyýet Tebigat
03.01.2025   343
Ykdysadyýet Bugdaý maýsalary iýmitlendirilýär
28.02.2025   263
image