Ekişe ykjam taýýarlyk
weather dashoguz 9° C Daşoguz

Ekişe ykjam taýýarlyk

Ykdysadyýet
31.08.2026  70

Garaşsyzlyk etrabynyň N.Andalyp adyndaky daýhan birleşiginiň gallaçylary ýylyň-ýylyna ak bugdaýyň bereketli hasylyny ýetişdirip gelýärler. Olar geçen orak möwsüminde hem bu babatda ýokary netijeleri gazandylar.

Birleşikde öňde duran güýzlük bugdaý ekişi möwsümine oňat taýýarlyk görüldi. Bu ýerde şu döwürde 1 müň gektar meýdanda bu çäräni ýokary hilli geçirmek göz öňünde tutulyp, şu wagta çenli olaryň esasy böleginde sürüm, tekizleme, çil çekmek ýaly zerur çäreleriň bellenen möhletlerde ýerine ýetirilmegi üpjün edildi. Şonda daýhan birleşigi boýunça gallaçylyk bilen meşgullanýan kärendeçiler işjeňlik görkezdiler.

— Biziň toparymyzyň çäginde 200 gektardan gowrak bugdaý meýdanlary bolup, olara tejribeli kärendeçileriň 120-ä golaýy gözegçilik edýär. Olar geçen orak möwsüminde gazanan üstünliklerini has-da berkitmegi maksat edinip, şu ýylyň bugdaý ekişi möwsümine hemmetaraplaýyn taýýarlykly geldiler. Nesip bolsa, bu çäräni bellenen möhletlerde doly amala aşyryp, geljek ýylyň bol hasylynyň binýadyny ykjam tutarys — diýip, daýhan birleşiginiň1-nji kärendeçiler toparynyň ýolbaşçysy Şakasym Ibragimow gürrüň berýär.

Meňzeş habarlar

Ykdysadyýet Bereket-bolçulygyň binýady
03.09.2025   278
Ykdysadyýet Şaly oragy ýokary depginde
07.11.2024   378
Ykdysadyýet Bugdaý maýsalary iýmitlendirilýär
27.11.2024   347
Ykdysadyýet Gowaça bejergisi gyzgalaňly barýar
21.07.2025   393
Ykdysadyýet Edermen pileçileriň üstünligi
28.05.2025   257
Ykdysadyýet Ykdysadyýetiň möhüm pudagy
24.12.2024   325
Ykdysadyýet Tohumlyk çigit taýýarlanylýar
10.03.2026   158
Ykdysadyýet Ekiş ýokary depginde
02.10.2026   29
image