Ekişe ykjam taýýarlyk
weather dashoguz 18° C Daşoguz

Ekişe ykjam taýýarlyk

Ykdysadyýet
26.01.2026  159

Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň zähmetsöýer daýhanlary gowaça meýdanlaryny ýazky ekiş möwsümine öz wagtynda taýýar etmek ugrunda gaýratly zähmet çekýärler. Bu işde etrabyň «Täzegüýç» daýhan birleşiginiň kärendeçileri aýratyn tapawutlanýarlar.

Häzirki wagtda daýhan birleşiginde gowaça ekilmegi göz öňünde tutulan ýerlerde möwsümleýin işler gyzgalaňly alnyp barylýar. Sürüm, tekizleme işlerinde etrap «Obahyzmat» önümçilik kärhanasynyň tehnikalary ýakyndan ýardam berýärler. Her günde 12 — 15 gektara ýerde ýuwuş suwy tutulýar. Şu günler Meretbaý Amanow, Parahat Tontaýew, Öremyrat Nepesow, Jumagylyç Jumaşow dagynyň ýolbaşçylyk edýän 4,8,9,10-njy kärendeçiler toparynda bu iş has-da depginli barýar. Hojalygyň 400-den gowrak kärendeçi daýhanlary atyzlaryň gyra-töwereklerinde, çillerde arassaçylyk işini hem geçirýärler. Ähli agrotehniki çäreleriň öz wagtynda, ýokary hilli berjaý edilmegi daýhan birleşiginde jemi 1750 gektar ýeriň ekiş möwsümine bellenen wagtda taýýar edilmegine mümkinçilik berer.

Meňzeş habarlar

Ykdysadyýet Bereketli ekiniň idegi ýetirilýär
02.07.2024   351
Ykdysadyýet Türkmen halysynyň milli baýramyna
24.05.2025   281
Ykdysadyýet Halal gazanjyň höziri
28.11.2024   302
Ykdysadyýet Ekologiýa abadançylygyna goşant
13.11.2024   280
Ykdysadyýet Meýdan işleri ýokary depginde
29.11.2025   200
Ykdysadyýet Adamzat mirasyna öwrülen gözellikler
20.11.2024   331
Ykdysadyýet Taýýarlyk işleri ýaýbaňlandyrylýar
30.01.2023   339
Ykdysadyýet Ýuwuş suwy tutulýar
30.01.2025   329
image