Ekerançylaryň yhlasly zähmeti
weather dashoguz 18° C Daşoguz

Ekerançylaryň yhlasly zähmeti

Ykdysadyýet
18.07.2024  331

Daşoguz welaýatynyň dürli künjeklerinde bugdaýdyr gowaçadan başga-da ýeralmanyň, gök-bakja önümleriniň bol hasylyny ýetişdirmek ugrunda giň gerimli işler amala aşyrylýar. Bu babatda welaýatyň Akdepe etrabynyň «Şabat» daýhan birleşiginiň kärendeçileriniň durmuşa geçirýän işleri hem-de gazanýan guwandyryjy netijeleri bellenilmäge mynasypdyr.

Türkmenistanyň Prezidentiniň halkymyzy öz topragymyzda öndürilen ýeralma, gök-bakja önümleri bilen ýeterlik üpjün etmek barada öňde goýýan wezipeleriniň, berýän tabşyryklarynyň üstünlikli ýerine ýetirilmegine goşant goşmak üçin birleşigiň kärendeçi daýhanlarynyň ýylyň-ýylyna yhlasly zähmet çekýändikleri örän guwandyrýar. Olaryň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bu ugurda alyp barýan işleri hem oňat netijeleri berýär. Muny zähmetsöýer ekerançylaryň şu günlerde ýetişdirilen ýeralma hasylyny ýygnamakda, gök-bakja ekinlerine ideg etmekde bitirýän işleri-de aýdyň tassyklaýar.

Sanlara salgylanyp aýdylanda, şu ýylyň baharynda daýhan birleşigiň ekin meýdanlarynyň 450 gektaryna ýeralma, 350 gektaryna sogan, 30 gektaryna bakja ekinleri, 30 gektaryna käşir, 10 gektaryna pomidor, 10 gektaryna hem kelem ekildi. Şeýlelikde, kärendeçiler jemi 900 gektar meýdanda ekerançylygyň ata-babalarymyzyň tejribelerine eýerip hem-de häzirki döwrüň mümkinçilikleriniň esasynda şol ekinlere göwnejaý idegi ýola goýdular. Bu bolsa olaryň kadaly ösmegini, hasyl toplamagyny şertlendirdi.

Daýhan birleşiginde kärendeçileriň 850-den gowragy ýeralma, gök-bakja ekinlerini ýetişdirmek bilen meşgullanýarlar. Şonda olaryň köp sanlysynyň bu ekinleri ýetişdirmekde uly iş tejribeleriniň bardygyny-da aýtmak gerek. Bu hem kärendeçileriň öz eýeçiligindäki meýdanlarda her bir çäräni talabalaýyk amala aşyryp, ekinlere ýokary hilli ideg etmeklerine ýardam berýär.

Bu barada gürrüň edilende, şu ýyl ýeralma hasylyny ýetişdiren kärendeçileriň çekýän yhlasly zähmetleri barada ilki bilen durup geçmek ýerlikli bolar. Sebäbi olar öz ekin meýdanlarynda agrotehniki talaplara laýyklykda iş geçirip, bol hasyl ýetişdirdiler hem-de häzirki wagtda ony ýygnap almagy guramaçylykly dowam etdirýärler. Jumabaý Haýdarjanowyň 3, Serdar Şeripbaýewiň 2,4, Fatima Jumabaýewanyň 2, Kahraman Jumanyýazowyň 1,5 gektar kärende meýdanlaryndan alan ýeralma hasyllarynyň has-da ýokary bolandygyny nygtamak örän ýakymlydyr. Çünki bu olaryň ene topraga siňdiren yhlaslarynyň ýerine düşendigini aňladýar. Şeýlelikde, şu ýyl birleşikde ýeralma ýetişdirmek bilen meşgullanan 300-den gowrak kärendeçileriň köpüsiniň guwandyryjy üstünliklere eýe boljakdyklaryna ynam bar.

Ýeri gelende, daýhan birleşiginde gök-bakja ekinleriniň bereketli hasylyny ýetişdirmek ugrunda gaýratlylyk görkezýän kärendeçileriň hem käbiriniň atlaryny agzap geçmek gerek. Olardan Arif Duşemow, Roza Maşeripowa, Maksatbek Rozmetow, Jorabek Hudikow we beýlekiler sogana, gawun-garpyza ideg etmekde has-da tapawutlanýarlar. Şeýle başarjaň daýhanlar hem ýakyn wagtlarda öz öndüren önümlerini ýygnap, il-günümiziň saçagyna ýetirerler.

Meňzeş habarlar

Ykdysadyýet Tebigatyň görki — baglar
15.11.2024   297
Ykdysadyýet Bank hyzmatlary döwrebaplaşdyrylýar
17.07.2024   462
Ykdysadyýet Görkana gülleriň aşygy
14.03.2025   325
Ykdysadyýet Daýhan yhlasynyň ajaýyp netijeleri
28.07.2025   228
Ykdysadyýet Miweli baglaryň bagbany
06.08.2026   83
Ykdysadyýet Ýazdaky hereket — güýzdäki bereket
28.03.2024   355
Ykdysadyýet Mugallymyň bagy
22.08.2024   386
image