Ekerançylaryň yhlasly zähmeti
weather dashoguz 17° C Daşoguz

Ekerançylaryň yhlasly zähmeti

Ykdysadyýet
18.04.2024  290

Türkmenistanyň Prezidentiniň halkymyzy öz topragymyzda ýetişdirilýän ýeralma, gök-bakja önümleri bilen üpjün etmek babatda öňde goýýan wezipeleriniň üstünlikli berjaý edilmegine goşant goşmak ugrunda Daşoguz welaýatynda hem uly işler amala aşyrylýar. Şu günler ýeralma ekişi ahyrky gektarlarda alnyp barylýan bolsa, gök-bakja ekinleriň ýetişdirilmegi göz öňünde tutulýan meýdanlarda taýýarlyk çäreleri ýerine ýetirilýär.

Şabat etrabynyň S.Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň kärendeçi daýhanlary hem şu ýyl 75 gektar meýdandan ýeralmanyň bereketli hasylyny ýygnamagy maksat edinip, bu ugurdaky işlere irki möhletlerde girişdiler. Şonuň netijesinde, olar özlerine berkidilen meýdanlary sürüp, tekizläp, suwdan talabalaýyk gandyrdylar. Häzirki wagtda ezber daýhanlar şol ýerlerde ýeralmanyň ekişini tamamlaýjy tapgyrda dowam etdirýärler. Şunlukda, ýeralmanyň kadaly gögeriş alnan ýerlerinde ideg işlerine-de girişildi.

Meňzeş habarlar

Ykdysadyýet Köpçülige derwaýys önümler
31.01.2026   85
Ykdysadyýet Zeminiň ýaraşygy
17.03.2026   70
Ykdysadyýet Bugdaý ekişiniň depgini ýokary
22.10.2025   111
Ykdysadyýet Gowaça meýdanlaryndaky joşgunly zähmet
26.07.2024   283
Ykdysadyýet ​​​​​​​Bank ulgamy
27.02.2025   248
Ykdysadyýet Bugdaý maýsalary iýmitlendirilýär
27.11.2024   267
Ykdysadyýet Bugdaý ekişi ýokary depginde
23.09.2024   243
Ykdysadyýet «Ak altynly» pellerdäki joşgunly zähmet
18.09.2024   243
image