​​​​​​​Ekerançylaryň derwaýys aladalary
weather dashoguz 38° C Daşoguz

​​​​​​​Ekerançylaryň derwaýys aladalary

Ykdysadyýet
28.02.2025  273

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzda ýeralmanyň, gök-bakja önümleriniň öndürilişini artdyrmak hem-de halkymyzyň olara bolan isleglerini doly kanagatlandyrmak babatda öňde goýýan wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmegine mynasyp goşant goşmaklygy maksat edinýän Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň ekerançylary hem golaýlap gelýän ekiş möwsümine hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmekde derwaýys işleri durmuşa geçirýärler. Etrabyň H.Myradow adyndaky daýhan birleşiginde alnyp barylýan işleri hem aýratyn bellemek bolar. Birleşigiň ekerançy daýhanlary şu ýylyň ýaz ekişinde 40 gektara ýeralma, 15 gektara sogan, 15 gektara gawun-garpyz, 4 gektara kelem, 4 gektara pomidor, 3 gektara käşir, 1 gektara hyýar ekmegi göz öňünde tutup, kadaly gögeriş gazanmak hem-de bol hasyl ýetişdirmek ugrundaky aladalara ähli gujur-gaýratlaryny gönükdirýärler. Şeýlelikde, häzirki wagtda bu babatda iş alyp barmak üçin şertnama baglaşan 20-ä golaý kärendeçi daýhanlar özlerine berkidilen meýdanlarda yhlasly zähmet çekýärler.

Meňzeş habarlar

Ykdysadyýet Gowaça bejergisi ýokary depginde
10.08.2024   367
Ykdysadyýet Täze bina — giň mümkinçlikler
03.07.2025   258
Ykdysadyýet Hasyl ýangyndan goralmalydyr!
03.09.2025   260
Ykdysadyýet Hereketde bereket bar
30.09.2025   171
Ykdysadyýet Hususy kärhananyň ýokary hilli önümleri
07.03.2025   267
Ykdysadyýet Ykdysady ulgamdaky sanly özgertmeler
12.06.2023   393
image