Egsilmez buýsanjyň beýany
weather dashoguz 9° C Daşoguz

Egsilmez buýsanjyň beýany

Jemgyýet
15.05.2025  334

TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň uly mejlisler zalynda «Konstitusiýa we Döwlet baýdagy mizemez mukaddeslikdir» atly şygar bilen geçirilen dabaraly maslahata KA-nyň dürli ugurlarda zähmet çekýän işjeň agzalary gatnaşdylar.

Maslahatda çykyş edenler ýurdumyzyň ösüş-özgertmeleriniň barha giň gerime eýe bolýandygy, onuň bolsa halkymyzyň ýaşaýşyna ýokary derejede täsirini ýetirýändigi, bagtyýar raýatlaryň kalbynda emele gelýän ruhy galkynyşyň ýurdumyzda giňden bellenilýän baýramçylyklaryň we şanly seneleriň dabaralarynda has aýdyň duýulýandygy barada uly buýsanç bilen bellediler. Ýurdumyzyň ösüşleriniň hukuk binýadyny özünde jemleýän Esasy Kanunymyzyň hem-de halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň buşlukçysy bolan ýaşyl Baýdagymyzyň döwletimiziň özygtyýarlylygynyň, halkymyzyň agzybirliginiň we bitewüliginiň nyşany bolup, ýürekleriň buýsanç duýgusyny artdyrýandygyny nygtap geçdiler.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Dünýä dursun parahat!
16.07.2025   1886
Jemgyýet Jana şypaly
11.03.2026   141
Jemgyýet Şa serpaýy — belent hormat
18.12.2025   189
Jemgyýet Wagtlaryny hoş geçirýärler
10.06.2024   422
Jemgyýet Wagyz-nesihat çäresi
25.09.2024   461
image