Daşoguz welaýatynyň pileçileriniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ýüpek gurçuklaryny idetmek möwsüminde çeken yhlasly zähmetleriniň ajaýyp netijeleri berýändigini olaryň ençemesiniň Watan harmanyna pile tabşyrmakda gazanýan üstünlikleri aýdyň görkezýär. Şonuň netijesinde, ýokary hilli çig pile öndürmek boýunça meýilnamalaýyn borçnamalaryna abraý bilen hötde gelýän daýhan birleşikleriniň, etraplaryň sany günsaýyn artýar.
Welaýatyň Görogly etrabynyň pileçi kärendeçileri şu möwsümde 2191 guty ýüpek gurçuklaryny idetmekligi talabalaýyk alyp barmak bilen, döwlet harmanyna 80 tonnadan gowrak ýokary hilli pile tabşyryp, ýyllyk meýilnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler. Şeýle guwandyryjy netijäniň gazanylmagyna etrabyň «Aksaraý», Magtymguly adyndaky, B.Öwezow adyndaky we beýleki daýhan birleşikleriniň pileçi kärendeçileri uly goşant goşdular. «Zaman» daýhan birleşiginden Nurgeldi Meredow 1512, «Türkmenistan» daýhan birleşiginden Ogulbaý Öwezgeldiýewa 420 kilogram pile öndürip, köplere görelde boldular.
Köneürgenç etrabynyň pileçi kärendeçileriniň hem meýilnamalaryny öňdäkileriň hatarynda amal edip, uly abraýa eýe bolandyklaryny bellemek gerek. Şonda olar 40 tonnadan gowrak ak piläni kabul ediş bölümine tabşyrdylar. Munuň özi etrap boýunça şu möwsümde 500-den gowrak ýüpekçi kärendeçiniň jemi 1095 guty ýüpek gurçuklaryna göwnejaý ideg etmek ugrunda alyp baran tutanýerli işleriniň guwandyryjy netijesi boldy. Döwlet harmanyna pile tabşyrmakda etrabyň «Galkynyş», «Bereket», «Akgala» we beýleki daýhan birleşikleriniň ýüpekçi kärendeçileri öňdebaryjylaryň hatarynda bolmagy başardylar. Ezber pileçileriň öndüren pilesiniň ýokary hilliligi bilen tapawutlanandygyny-da nygtamak zerur bolup durýar.