«Edepli ile ýarar»
weather dashoguz 23° C Daşoguz

«Edepli ile ýarar»

Jemgyýet
06.05.2025  264

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda ýaş nesliň ylymly-bilimli, edep-ekramly, kämil şahsyýet bolup ýetişmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Halkymyzyň medeni-taryhy gymmatlyklary, durmuş tejribesi esasynda kemala gelen däp-dessurlar, pederlerimiziň ruhy-ahlak ýörelgeleri, umumadamzat ähmiýetli pikir-garaýyşlary ýaşlaryň terbiýesinde möhüm orun eýeleýär.

Terbiýe örän jogapkärli meseledir. Edep-ekram ynsan häsiýetiniň özeni saýylyp, ol daşky hem içki gözelligiň sazlaşygynda jemlenýär. Terbiýe hakynda söz açylanda, biz hemişe gadymyýete ýüzlenýäris. Il içinde «Edep başy — salam», «Edepli ile ýarar», «Edep bilen bagt tapylar, sabyr bilen — tagt» diýen parasatly jümleler bar.

Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen neşir edilen «Paýhas çeşmesi» kitaby bize bu babatda gymmatly gollanma bolup durýar. Köpçülik ýerlerinde manyly gürlemek adamyň abraýyny artdyrýar. Ýagşy sözlemek ynsanyň häsiýetini ýüze çykarmaga ýardam edýär. Söz edebiniň ilkinji şerti az hem-de manyly gürlemekdir. Gepläniňde sesiň ýuwaş we mylaýym bolmagy edeplilikden nyşandyr. Ýaşlaryň ylymly-bilimli, edep-ekramly, terbiýeli bolup ýetişmegini gazanmak, ata-eneler bilen birlikde mugallymlaryň hem esasy borjy hasaplanýar. Olary hemişe dogruçyllyga, edeplilige ugrukdyryp durmak, olara Watana söýmegi, dost-doganlyga sarpa goýmagy öwretmek bilim işgärleriniň mukaddes borjudyr.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Durmuş goraglylygynyň kämil derejesi
01.05.2026   53
Jemgyýet Belent sarpanyň dabaralanmasy
27.02.2026   65
Jemgyýet Bedew batly ösüşleriň menzili
19.01.2026   96
Jemgyýet Ylym-bilim — ynsan zynaty
13.04.2026   45
Jemgyýet Goşa toýuň şanyna
25.06.2025   226
Jemgyýet Bedew atyň tarypyny aýdaly
15.04.2024   461
Jemgyýet Döredijilikli işler
14.05.2026   48
image