Edepli  ile ýarar
weather dashoguz 18° C Daşoguz

Edepli  ile ýarar

Jemgyýet
17.02.2025  363

Pederlerimiziň «Edepli ile ýarar» diýşi ýaly, durmuşda edep kadalaryny berjaý etmek ilkinji zerurlykdyr. Bu babatda halkymyzyň asyrlaryň dowamynda durmuş synagyndan geçen ýol-ýörelgeleri bardyr. Umumylykda alnanda, muňa «adamkärçilik» ýa-da «adamçylyk» diýilýär. «Edep bilen bagt tapylar, sabyr bilen tagt» diýlen nakylda-da ynsan edebiniň bagta ýetirýändigi ündelýär.

Milli ýol-ýörelgelerine, edep kadalaryna hemişelik ygrarly halkymyz olary terbiýäniň gözbaşy hasaplaýar. Irki döwürlerde Gündogar ýurtlarynda atabeglik mekdepleri bolupdyr. Olarda asylzadalaryň çagalaryny terbiýelemek, hünär öwretmek işleri alnyp barlypdyr. Atabeglik mekdebini geçen ýaşlar durmuşda öz ornuny tapyp bilipdirler.

Edeplilik hakynda dürli tymsallar, rowaýatlar il içinde kän aýdylýar. Şeýle rowaýatlaryň biri barada durup geçeliň! Irki döwürlerde bir daýhanyň ogly bolupdyr. Ol daýhan gün-güzeranyny halal zähmet çekip dolandyrypdyr. Daýhanyň ogly juda edepli ekeni. Oba adamlary ol oglanyň artykmaç gürrüňini eşitmändirler, nädogry hereketini görmändirler. Günleriň bir güni obada uly toý bolýar. Ýaşlygyň ýelgini başynda bolan oglanlar toý döwresine goşulyp, töweregindäkilere ähmiýet bermeýärler. Şol toýa baran hälki daýhanyň ogly bolsa obanyň ýaşululary, özünden ulular bilen salamlaşyp, bellenen ýerine geçýär. Muny synlap oturan ýaşulularyň biri ol oglanyň edebine haýran galyp: «Ýigit edebi bilen tanalar. Berekella, oglum!» diýip, oňa ak pata berýär. Şondan kän wagt geçmänkä oba mirap saýlamaly bolýar. Şonda hälki ýaşuly daýhan oglunyň ukyp-başarnygyny, edebini göz öňünde tutup, ony mirap saýlamagy teklip edýär. Oba adamlary onuň aýdanyny goldaýarlar. Şeýlelikde, daýhanyň ogly uly obanyň miraby bolýar. Rowaýat kysmy aýtgydan görnüşi ýaly, ýigit edebinden tanalýar. Durmuşda ukyp-başarnyk, bilim, tejribe bilen birlikde, edepliligiň hem ynsany bezeýändigini, onuň ýüzüniň tuwagy bolup durýandygyny ýatdan çykarmaly däldiris.

Il sylagly ýaşululardan, durmuş tejribesi ýetik adamlardan şeýle gürrüňleriň ençemesini eşitmek bolýar. «Alym bolmak aňsat, adam bolmak kyn» diýen atalar sözünde-de hemişe edepli, adamkärçilikli bolmagyň aňsat däldigi, ony başaryp bilmegiň möhümdigi aýratyn nygtalýar. Edeplilik, ýagny adamkärçilik ynsan häsiýetleriniň gözbaşydyr.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Wagyz-nesihat işleriniň ähmiýeti
02.06.2026   97
Jemgyýet Halk Maslahaty — beýik işlere badalga
05.08.2024   460
Jemgyýet Maslahat geçirildi
02.05.2024   468
Jemgyýet Täzelenişiň we joşgunyň pasly
29.03.2024   408
Jemgyýet Baky Bitaraplygymyzyň 29 ýyllygyna
26.11.2024   431
Jemgyýet Gözel tebigatyň goragynda
08.04.2024   441
image