Edep-terbiýe ýörelgesi
weather dashoguz 27° C Daşoguz

Edep-terbiýe ýörelgesi

Jemgyýet
14.11.2024  349

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygyny diňe biziň ýurdumyzda däl, tutuş dünýä ýüzünde halkara derejede dabaralandyrmak maksady bilen geçirilýän medeni çäreler giň gerimde ýaýbaňlandyrylýar. Akyldar şahyryň döredijiliginde ähli ugurlara degişli pikirler beýan edilen. Magtymguly atamyzyň eserleriniň aglaba bölegi edep-terbiýe kadalaryny, halky agzybirlige, jebislige, dost-doganlyga ündeýän ýörelgeleri öz içine alýar.

Her bir sözi köşekli düýä deňelen Magtymguly atamyzyň ýekeje şygryny hem uly bir edep-terbiýe mekdebi hökmünde ulanmak bolýar. Mysal üçin, «Otur-turuşyn görüň» atly goşgusyny alyp göreliň:

Her ýigidiň aslyn bileý diýseňiz,
Märekede otur-turuşyn
görüň.
Birew bilen aşna
bolaý diýseňiz,
Owwal ykrarynda
duruşyn görüň.

Şu bendiň özi hem halkymyzyň asyrlaryň dowamynda arkama-arka ýöredip gelýän terbiýeçilik ýörelgeleriniň giň manysyny özünde jemleýär. Ýagny has irki döwürlerde-de, häzirki günlerimizde hem ýaşuly nesliň wekilleri her bir ýaş ýigidiň märekede, köpçülik ýerlerinde özüni alyp barşyny, sözleýşini synlap baha berip, onuň asylly ýerden çykandygyny, sylag-hormatlanýan maşgalada edep-terbiýe alandygyny ýalňyşman aýdyp bilipdirler. Bendiň soňky iki setiri «Ýigidi dostundan tana» diýen atalar sözi bilen manydaş bolup, beren sözünde tapylýan, eden ykrarynda durup bilýän adam bilen dost bolmaklyk, dosta wepalylyk ýaly pikirler aýdylar. Şygryň:

 

Hyrydar bolsaňyz gyza, geline,
Edebin,
ekramyn, oturşyn görüň —

diýen setirlerinde halkymyzyň maşgala mukaddesligi baradaky ýörelgeleri gysgadan düşnükli beýan edilipdir. Çünki halkymyzda ozaldan gelýän asylly däplerimiziň biri maşgalada ýetişen oglany öýlendirmek, täze ýaş maşgalany kemala getirmek bolupdyr. Zenan maşgalalar gyzlara ýaşlykdan el işlerini, tagam taýýarlamak, öý ýumuşlaryny birkemsiz ýerine ýetirmekligi öwretmek bilen bir wagtda, olarda özlerini alyp barmak, ýöreýiş, geýinmek, söz sözlemek medeniýetini terbiýelemekligi hiç wagt gözden salmandyrlar. Özüni edep-terbiýeli alyp barmagy, daş-töwerekdäkilere ýagşy görelde bolmagy başarýan gyzy gelin edinmek her bir maşgalanyň arzuwy bolupdyr.

Goşgynyň:

Goç ýigidiň işi söhbet-saz bolar,
Köňli gyş bolmaýyn, daýym ýaz bolar,
Ýagşynyň köňlünde kine az bolar,
Ýamanyň günde bir uruşyn
görüň —

diýen bendinde şahyr halkymyzyň saz-söhbede gadyr-gymmat goýup bilýän halkdygy, saz-söhbedi söýýän adamyň göwnüniň hem mydama ýaz ýaly ruhubelent adam bolýandygy, ýagşy adamyň hiç wagt göwnünde kine saklap ýörmeýändigini, gerek ýerinde bagyşlamagy başaryp, ýagşy görelde bolup bilýändigi, ýaman gylykly adamyň bolsa diňe bir daş-töweregindäki adamlar bilen jet bolup ýörmän, içki dünýäsiniň hem gapma-garşylykdan doly bolýandygyny aýtmak bilen, içki dünýäňi, kalbyňy arassa, päk saklamaklygy, hemmeler bilen ýagşy gatnaşykda bolmaklygy öwüt-ündew edýär.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Kanunlaryň talaplary düşündirildi
07.05.2026   23
Jemgyýet Dostlukly ýörelgeler rowaçlanýar
10.11.2025   131
Jemgyýet Döwre buýsanjyň beýany
22.01.2026   75
Jemgyýet Baýramçylyga bagyşlandy
18.09.2025   128
Jemgyýet Bäsleşigiň şäher tapgyry geçirildi
13.09.2024   381
Jemgyýet Test barlaglary geçirildi
25.03.2026   52
image