Edebiýatyň parlak ýyldyzy
weather dashoguz 18° C Daşoguz

Edebiýatyň parlak ýyldyzy

Medeniýet
13.05.2024  598

Gymmatly edebi mirasy bilen edebiýatymyzyň parlak ýyldyzyna öwrülen Magtymguly Pyragynyň umumadamzat gymmatlyklary baradaky pikir-garaýyşlary diňe bir türkmeniň däl, eýsem, dünýä halklarynyň hem kalbyna ýakyndyr we düşnüklidir. Ol dünýä, adamzat, Watan, söýgi baradaky pelsepewi garaýyşlaryny adama mahsus inçe duýgular bilen pikir ýöretmegiň iň kämil tärlerinden ussatlarça peýdalanyp, ynsan kalbyna inçelik bilen ýetiripdir we halk hakydasynda ömürlik orun alypdyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň diňe ýurdumyzda däl, eýsem, tutuş dünýä ýüzünde hormat-sarpasy, nusgawy şahyrymyzyň edebi mirasyna gyzyklanma has-da artýar. Munuň şeýledigini golaýda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Prezidentiniň medeniýet ulgamyna degişli edaralaryň öňünde durýan wezipeler barada aýdyp, nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli çäreleriň ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde giň gerimde geçirilýändigini bellemegi, şanly sene mynasybetli meýilleşdirilen döredijilik çärelerini has ýokary derejede guramaga degişli taýýarlyk işlerini alyp barmagy tabşyrmagy doly tassyklaýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň maý aýynda geçiriljek köp sanly dabaralaryň, halkara çäreleriň hatarynda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara maslahat, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly halkara ylmy maslahat uly ähmiýete eýe bolar.

Magtymguly atamyzyň doglan gününiň 300 ýyllyk toý-dabaralarynyň giň gerime eýe bolýan günlerinde Köpetdagyň etegindäki gözel künjekde şahyryň ýadygärliginiň dabaraly açylýandygy halkymyzyň göwnüni ganatlandyrýar.

«Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň hem şu ýylda kabul edilmegi aýratyn mana eýedir. Bilşimiz ýaly, bu medalyň döredilmeginiň esasy maksady Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň baý döredijilik mirasyny öwrenmekde, ony aýawly saklamakda we wagyz etmekde uly hyzmatlary bitiren raýatlary sylaglamak bolup durýar.

Beýik şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek giň gerimli dabaraly çäreler dana Pyragynyň asyrlar geçse-de gymmatyny ýitirmeýän edebi mirasyna belent sarpanyň dabaralanmasy bolar.

Meňzeş habarlar

Medeniýet Inçe işiň ussatlary
12.11.2025   236
Medeniýet Çeper döredijiligiň halk ussasy
16.06.2026   104
Medeniýet Şygryýet äleminiň çyragy
10.06.2024   681
Medeniýet Berkarar döwleti islän şahyr
29.07.2024   768
Medeniýet Peder ýoly dowamat-dowam
12.02.2026   200
Medeniýet «Ol şirwan perdäňe galsana, bagşy!»
14.04.2026   129
Medeniýet Gadymy sungatyň ýaş muşdaklary
06.06.2026   118
image