Edebiýat äleminiň öçmejek ýyldyzlary hatyralandy
weather dashoguz 37° C Daşoguz

Edebiýat äleminiň öçmejek ýyldyzlary hatyralandy

Jemgyýet
22.04.2026  74

Türkmenistanyň halk şahyry Durdy Gylyjyň doglan gününiň 140, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Kakabaý Ylýasowyň doglan gününiň 90 ýyllygy mynasybetli, Görogly etrabynyň medeniýet merkezinde aýdym-sazly dabara geçirildi. Dabaranyň esasy maksady şahyrlaryň edebi mirasyny ýaş nesillere ýetirmekden we olaryň türkmen edebiýatynyň baýlaşmagyna goşan bahasyna ýetip bolmajak goşantlaryny dabaralandyrmakdan ybarat boldy.

Dabarada ýazyjy Gurbannazar Orazgulyýew Türkmenistanyň ilkinji halk şahyrlarynyň biri, ökde dessançy, ertekiçi şahyryň ömür ýoly, döreden ajaýyp eserleri barada çykyş etdi. Soňra gözi görmese-de, dünýäniň gözelligini köňül gözi bilen görüp, wasp eden şahyryň döredijiligine bagyşlanan wideofilm görkezildi.

Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Akmyrat Rejepow we Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti Döwrangeldi Agalyýew Durdy Gylyjyň we Kakabaý Ylýasowyň döredijiligi dogrusynda çykyş etdiler. Şahyryň ogly, Görogly etrabynyň ýaşaýjysy, pensioner Aşyrgylyç Durdygylyjow şahyryň ömür ýolundan we döredijiliginden ýatlama wakalar esasynda çykyş etdi. Şonuň ýaly-da, zehinli ýazyjy, şahyr, dramaturg Kakabaý Ylýasowyň köptaraply zehini dogrusynda şahyryň agtygy, Daşoguz şäherindäki 2-nji çagalar sungat mekdebiniň direktory Gülnabat Ylýasowa täsirli gürrüň berdi.

Dabarada şahyrlaryň meşhur goşgularyndan parçalar okaldy, Durdy Gylyjyň degişme häsiýetli goşgulary dogrusynda söhbet edildi.

Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, türkmen edebiýatynyň görnükli wekili, ussat şahyr Durdy Gylyç özüniň şahyrana zehini bilen tanalyp, onuň goşgularynda hem nusgawy edebiýatyň äheňlerini, hem halkyň janly diliniň aýratynlyklaryny görmek bolýar.

Şygryýet ummanynyň ägirtleriniň ömür ýoly we döredijilik dünýäsi ýaş nesiller üçin uly mekdepdir. Dabarada edilen çykyşlar, okalan goşgular muny ýene bir gezek subut etdi.Halk şahyrlarynyň hatyrasyna geçirilen bu çäre milli medeniýetimize we söz sungatyna goýulýan belent sarpanyň aýdyň beýanyna öwrüldi. Olaryň döredijilik mirasy halkyň egsilmez hazynasy, agzybirliginiň we ruhy bitewüliginiň sarsmaz sütünidir.

Soňra dabara gatnaşyjylar Durdy Gylyç şahyryň adyny göterýän 46-njy orta mekdebe baryp gördüler. Olar bu mekdepde şahyryň hormatyna döredilen muzeýe aýlanyp, onuň dürli ýyllarda çap edilen kitaplary, «Durdy Gylyç — halkyň şahyry» atly kitap we golýazma sergisi, şahyryň portretleri, onuň ýaşan döwrüni janlandyrýan suratlar bilen tanyşdylar.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Hoş habaryň ýakymy
02.01.2025   363
Jemgyýet Sahawatly işlere buýsanmak bagty
12.03.2026   103
Jemgyýet Hemişe ýüregiňi diňle!
03.10.2025   170
Jemgyýet Saglyk ulgamynyň ösüşli menzilleri
10.01.2025   370
Jemgyýet Söhbetdeşlik geçirildi
26.09.2024   368
Jemgyýet Bütindünýä immunizasiýa hepdeligine
25.04.2026   84
Jemgyýet Akyldaryň hasyl bolan arzuwy
02.06.2025   258
image