Ebedi dostlugyň dabaralanmagy
weather dashoguz 15° C Daşoguz

Ebedi dostlugyň dabaralanmagy

Jemgyýet
27.02.2025  363

ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň hem-de Daşoguz welaýat häkimliginiň bilelikde guramagynda geçirilen «Alpamyş» eposynyň türkmen mirasyndaky orny» atly dabaraly çäre doganlyk halklaryň arasyndaky gatnaşyklaryň giň gerimde ösdürilýändiginiň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Dabarada Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly-drama teatrynyň eýwanynda milli medeniýetimizi, sungatymyzy, kitaphana we muzeý gymmatlyklaryny özünde jemleýän sergi guraldy. Duz-çörekli garşylanan myhmanlar sergini uly gyzyklanma bilen synladylar.

Teatrda geçirilen dabaraly çärä welaýatda ýaşaýan özbek we gazak milletleriniň wekilleri, bagtyýar ildeşlerimiz, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Onuň dowamynda çykyş edenler özbek we gazak halklarynyň «Alpamyş» eposyny ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek baradaky teklibiniň Bitarap döwletimiziň doly goldaýandygyny bellediler. Bellenilişi ýaly, Alpamyş batyr hem halkymyzyň milli gahrymany Görogly beg ýaly ata Watanyň parahatçylygy, halklaryň asuda, abadan durmuşy ugrunda uly işleri bitiren şahsyýetdir.

Bu ýerde çykyş edenler Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Bitarap Türkmenistanyň Merkezi Aziýanyň döwletleri bilen netijeli gatnaşyklary alyp barýandygyny,  şunda medeni diplomatiýanyň yzygiderli ösdürilýändigini uly buýsanç bilen nygtadylar.

Welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti dabaranyň şowhunyny has-da artdyrdy. Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly-drama teatrynyň artistleriniň ýerine ýetiren edebi sazly çykyşynda  dost-doganlyk gatnaşyklary buýsançly wasp edildi. Şeýle hem bu ýerde özbek we gazak halklarynyň milli aýdym-sazlary, tanslary, «Görogly» şadessanyndan, «Alpamyş» eposyndan parçalar ýerine ýetirildi.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Goşa baýramyň şatlygy
29.06.2026   121
Jemgyýet Hakdan halatly ene
02.07.2025   356
Jemgyýet Bedew batly ösüşleriň menzili
19.01.2026   181
Jemgyýet Arkadagyň dünýä uzan ak ýoly
19.03.2025   372
Jemgyýet Bag — durmuşyň bezegi
30.10.2024   505
Jemgyýet Şa serpaýyň eýeleri
11.11.2025   239
Jemgyýet Watanyň mertebe tugy
09.03.2024   1236
image