Ýyladyş möwsüminiň dowam edýän häzirki günlerinde ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmek babatda ähli ýaşaýyş we edara jaýlarynda elektrik togy bilen işleýän enjamlaryň gurnalyş, ulanylyş tertibini kesgitleýän gaýragoýulmasyz çäreler möhümdir.
Ilkinji nobatda, jaýlaryň elektrik ulgamynyň gurnalyşynyň talabalaýyk bolmagyny gazanyp, elektrik geçirijileriň daşky örtükleriniň toga garşy duruş derejesini hünärmenlere barlatmaly. Daşky örtügi zaýalanan, ulanyş möhletleri geçen, köne elektrik geçirijileri çalyşmaly. Elektrik ulgamyna bir wagtyň özünde çendenaşa köp elektrik sarp ediji enjamlaryň birikdirilmegine ýol bermeli däl. Elektrik geçirijiler biri-birleri bilen ýörite gysyjylar arkaly birikdirilse, talabalaýyk bolup, simleriň sütünleriniň gyzmaklygynyň öňüni alyp, howpsuzlygy üpjün eder.
Elektrik gyzdyryjy enjamlary öý goşlarynyň, mebelleriň, penjireleriň ýanyjy perdeleriniň golaýlarynda goýmak gadagan. Olar elektrik nokadyna birikdirilende, birikdirijileriň berk gysylyp durmagyny üpjün etmeli. Elektrik gyzdyryjy enjamlary köp wagtyň dowamynda işletmek, işläp duran wagty gözegçiliksiz galdyrmak talabalaýyk däldir. Elektrik gyzdyryjy enjamlaryň aşagyna oda durnukly gatlaklaryň düşelmegini üpjün etmeli.
Elektrik geçirijiler ulanylanda, olary öz agramyna sallap goýmak, daşky örtügi zaýalanan görnüşde ulanmak, elektrik geçirijileriň sütünleriniň birikdirilmegini ýönekeý usulda, towlama görnüşinde ýerine ýetirmek, onuň daşyny ýeňil ýanyjy örtükler bilen dolamak, alýumin bilen mis elektrik geçirijileriniň sütünlerini birikdirip ulanmak, elektrik geçirijileriň goraýjylaryny näsaz ýagdaýda ýa-da olara bölek sim sarap ulanmak, elektrik ýagtylandyryjy çyralaryň daşyna ýanyjy çig mallary örtmek ýa-da golaýynda saklamak, çyralar gurnalanda ýanyjy çig mallardan ýigrimi, otagdaky öý goşlaryndan elli santimetrden az bolan arada ýerleşdirmek bolmaýar.