Düzgünler berjaý edilmelidir
weather dashoguz 4° C Daşoguz

Düzgünler berjaý edilmelidir

Jemgyýet
29.10.2024  72

Daşoguz welaýat Polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölümi ähli ýaşaýyş jaýlarynda, edara-kärhanalarda tebigy gaz bilen işleýän enjamlaryň gurnalyş, ulanylyş hem-de ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň tertibini kesgitleýän gaýragoýulmasyz çäreler dogrusynda şulary ýatladýar:

Dürli hadysalaryň bolmazlygy üçin, gaz bilen işleýän enjamlary ulanmazdan öň, gurnalyş, ulanyş, şeýle-de ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň gyşarnyksyz berjaý edilmelidigini ünsden düşürmek bolmaz. Gaz bilen işleýän peçlerdir gyzdyryjy enjamlary köp öýli ýaşaýyş, edara jaýlarynda gurnap ulanmak gadagan edilýär. Gaz enjamlaryny ýerzemin otaglarynda ornaşdyrmak gadagandyr.

Gaz enjamlarynyň tüsseçykarlaryny penjirelerden, diwarlardan daşary çykaryp goýmaly däl. Sebäbi tüsseçykaryň ujy aşakda bolup, howa çekijilik ýagdaýy örän pes bolýar. Şonuň üçin tüsseçykarlary üçegiň gyradeňinden ýarym metr ýokarlygyna, howa giňişligine çykarmaly. Gaz enjamlarynyň gaz geçirijileri hökmany ýagdaýda polat demir turbalardan bolmaly. Gaz bilen işleýän ýyladyjy peçler ýangyn howply diwarlardan bir metrden az bolmadyk aradaşlykda ýerleşdirilmelidir.

Peçleri ulanmazdan öň, ulanylýan wagty olaryň ojaklarynyň doly açykdygyny, ýanyş ukyplylygyny barlap, tüsseçykaryny gurumdan öz wagtynda arassalamaly. Peçleriň öçüriji, sazlaýjy ulgamlarynyň ýa-da gaz geçirijileriniň, enjamlarynyň bozuk ýagdaýlarynda, esasan hem, gazyň syzmagy ýaly howply ýagdaý ýüze çykarylanda olary ulanmak gadagan edilýär. Peçleri işläp duran wagty gözegçiliksiz galdyrmak, peçleriň ulanyş düzgünlerini bilmeýän adamlara peýdalanmaga rugsat bermek, peçleriň gurnalan otagynda ýatmak ýa-da dynç almak, gaz syzmalaryny ýüze çykarmak üçin açyk otdan peýdalanmak gadagandyr. Gazyň syzmaklygyny diňe sabyn köpürjigi bilen anyklap bolar.

Peçleri ýakmak üçin öňürti otluçöpi ýakyp, ony gazyň ýanýan ojagyna eltip, diňe şondan soň gaz geçirijiniň nurbatyny açmaly. Muny tersine ýerine ýetirmek howpludyr. Otagda gazyň ysy duýlanda gaz enjamyny ulanmagy bes edip, gaz geçirijiniň nurbatyny ýapmaly, penjireleri açyp, otagyň içini şemallatmaly. Şeýle ýagdaýda açyk otdan peýdalanmak, ýanyp duran elektrik çyrany öçürmek ýa-da ýakmak gadagan edilýär. Şondan soňam gazyň ysy gelip dursa, onda haýal etmän gazlaşmadyk ýerden Gaz howpsuzlyk gullugyna öý telefony arkaly 04 ýa-da el telefonyndan 004 belgä habar bermeli.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Şu günki yhlas — ertirki üstünlik
04.04.2024   96
Jemgyýet Awazanyň sapaly goýnunda
12.11.2024   56
Jemgyýet Kadalary berjaý etmek möhümdir
08.07.2024   92
Jemgyýet Hünärim bar — hormatym bar
16.01.2025   14
Jemgyýet Möhüm wezipeler kesgitlenildi
23.10.2024   50
image