Düzgünler berjaý edilmelidir
weather dashoguz 4° C Daşoguz

Düzgünler berjaý edilmelidir

Jemgyýet
04.09.2024  115

«Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly şygar bilen her ýylyň sentýabr aýynda geçirilmegi däbe öwrülen ýol hereketiniň howpsuzlygynyň biraýlygy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň parahat, asuda, eşretli durmuşda ýaşamagy babatda uly aladalar edilýändiginden aýdyň nyşandyr. Munuň özi ömrümiziň rahatlygyny, saglygymyzy gorap saklamakda bahasyna ýetip bolmajak, örän bähbitli işdir.

Çagalaryň mekdebe ýa-da çagalar baglaryna gidenlerinde we öýlerine gaýdanlarynda ýol hereketiniň düzgünlerini gyşarnyksyz berjaý etmelidiklerini häli-şindi ýatladyp durmak artykmaçlyk etmese gerek. Olar ýol hereketiniň kadalaryny berjaý etmek bilen, özleriniň we beýlekileriň howpsuzlygyny üpjün edýändiklerini ýadyndan çykarmaly däldir. Okuwçylaryň mekdebe we öýe çenli howpsuz ýoly saýlap almaklaryna ata-eneler hem-de mugallymlar kömek bermelidirler.

Mekdebe we ondan öýe çenli pyýadalar üçin niýetlenen ýörite ýanýodalardan ýöremeli. Çatryk ýoluň iň howply ýeri hasaplanýar. Ondan geçilende örän seresap bolmaly. Ýoluň ugrunda oýnamak, welosiped sürmek, top oýnamak gadagan. Köçäni kesip geçeniňizde ägä bolmaly, ýanyňdaky adamlar bilen gürleşmek ýa-da başga zada güýmenmek bolmaýar. Bular köçe, ýol hereketiniň howpsuzlygyny berjaý etmegiň zerur şertleridir.

Pyýada geçelgeler ýa-da çatryk ýok bolsa, ýoluň beýleki tarapyna geçmek üçin gatnawly ýoluň iki tarapyndan hem oňat görünýän ýerinden, ulaglaryň ýokdugyna göz ýetirilenden soň geçilmelidir. Eger ulaglar gelýän bolsa, onda olar geçýänçä garaşyp, diňe şolar geçenden soň geçmeli.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Ebedi dostlugyň dabaralanmagy
27.02.2025   37
Jemgyýet Halk Maslahaty: beýik işlere badalga
08.10.2024   106
Jemgyýet Kitap — kämilligiň gözbaşy
04.04.2024   254
Jemgyýet Derde melhem şypahana
02.08.2024   113
Jemgyýet Gymmaty egsilmejek ruhy hazyna
06.01.2025   69
Jemgyýet Atlar bilen bagly aýtgylar
22.04.2024   126
Jemgyýet Şadyýan gyzjagazyň üstünligi
19.03.2024   198
image