Düýe çaly melhemdir
weather dashoguz 17° C Daşoguz

Düýe çaly melhemdir

Jemgyýet
02.10.2025  138

Abu Aly Ibn Sinanyň «Lukmançylyk ylmynyň kanunlary» atly kitabynda çalyň we agaranyň saglyk üçin peýdalydygy bellenilýär. Lukmanlar düýäniň süýdüniň, çalynyň, agaranynyň birnäçe keselleri bejermekde peýdasynyň juda uludygyny nygtaýarlar.

Düýe çalyny we agaranyny taýýarlamagyň aýratyn tarapy süýdi bişirmezden we emeli turşadyjylary goşmazdan taýýarlanylýandygydyr. Çaly we agarany taýýarlamak köp wagty talap etmeýär. Turşamanyň emele gelmegi üçin 4 sagat, görnüşiniň we süýdüň turşy tagamynyň özüne mahsus ysynyň bolmagy üçin 6 ýa-da 8 sagat gerek bolýar. Ondan uzak wagt saklanylanda, çalda aşa turşamak häsiýeti ýüze çykýar.

Gönezlik hökmünde bir gün öň alnyp goýlan çal peýdalanylýar, eger ol bolmadyk ýagdaýynda beýleki mallaryň süýt önümlerinden alnan gönezlik hem ulanylýar. Şeýle ýagdaýlarda çalyň turşulyk derejesi pes bolýar we tagam aýratynlygy bilen tapawutlanýar. Bu usulda taýýarlanylanda, çal 3-4 sagat goşmaça goýulýar.

Giň ýaýlalaryň ýaraşygy bolan düýe malynyň süýdünden diňe ýurdumyzda däl, eýsem, dünýä ýurtlarynda hem dürli önümler öndürilýär. Şweýsariýada düýe süýdüni şokolad önümlerine goşýarlar. Şeýle şokoladlar özüniň turşumtyk tagamy bilen tapawutlanýar. Düýe süýdi arap döwletlerinde kakao taýýarlanylanda peýdalanylýar. Hindistanda bu önümden buzgaýmak taýýarlanylýar.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Üstünliklere beslenýän ulgam
07.10.2025   114
Jemgyýet Sagdyn jemgyýet — berkarar döwlet
20.04.2024   535
Jemgyýet Nesillere nusgalyk eser
05.01.2026   84
Jemgyýet Bilim binýady berkidilýär
27.07.2024   392
Jemgyýet Beýik şahyryň sarpasy
11.06.2024   363
image