Duşuşyk geçirildi
weather dashoguz 23° C Daşoguz

Duşuşyk geçirildi

Jemgyýet
12.09.2024  344

Golaýda Türkmen oba hojalyk institutynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Daşoguz welaýat bölüminiň guramagynda «Zenan, nesil, millilik — döwletliligiň sarsmaz sütüni» atly şygar bilen duşuşyk geçirildi. Talyp gyzlaryň arasynda maşgala mukaddesligini ündemek, nesilden-nesle geçip gelýän milli gymmatlyklarymyzy, däp-dessurlarymyzy, ahlak-edep kadalaryny wagyz etmek maksady bilen geçirilen duşuşyga institutyň talyp gyzlary hem-de zenan mugallymlary gatnaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda çykyş edenler maşgala ojagynyň mukaddesligi, zenanlara goýulýan sarpa, ýaş nesli döwrebap ruhda terbiýelemekde alnyp barylýan işler, milli ýörelgelerimiziň ähmiýeti, ahlak-edep kadalarynyň berjaý edilmeginiň zenanlaryň mertebesini beýgeldýänligi, milli el işlerini ýaşlara öwretmekde halypa-şägirtlik mekdebiniň orny barada giňişleýin hem täsirli gürrüň edildi.

 

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Dialog — parahatçylygyň kepili
24.10.2025   159
Jemgyýet Geljek şu günden gurulýar
01.07.2025   299
Jemgyýet Dil bilmek — kämillik
15.03.2024   407
Jemgyýet Kitap — terbiýe mekdebi
22.05.2025   289
Jemgyýet Arkadagyň saglyk sahawaty
28.03.2025   347
Jemgyýet Halkara olimpiadanyň ýeňijileri
05.04.2024   481
Jemgyýet Bäsleşigiň döwlet tapgyry
27.04.2026   26
image