Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaralandyrmak hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisiniň ähmiýetini wagyz etmek, halypa-şägirtlik mekdebini ösdürmek maksady bilen, golaýda «Kämil tapsaň, goý ýolunda başyňny!» atly şygar bilen duşuşyk geçirildi. Oňa TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň gurluşyk we senagat pudagyna degişli şäher guramalarynda hem-de medeniýet, saglygy goraýyş, bilim ulgamlarynda uzak ýyllaryň dowamynda abraý bilen zähmet çekýän halypalar hem-de ýaş hünärmenler gatnaşdylar.
Welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň mejlisler zalynda geçirilen dabaraly duşuşygyň dowamynda çykyş edenler «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda akyldar şahyryň ýubileý toýunyň giňden dabaralandyrylýandygy, Pyragynyň nesillere miras goýan döredijilik gorunyň içgin öwrenilip, köpçülige ýaýylýandygy, geňeş etmek, il agzyny birläp, döwletli işlere badalga bermek ýaly öwüt-ündewleriniň bu günki gün işjeň häsiýetde durmuşa geçirilýändigi barada nygtadylar. Halk Maslahatynyň öňde duran taryhy mejlisine görülýän taýýarlyk barada aýdylyp, umumymilli forumyň döwletimiziň ösüşlerini ilerletmekdäki, halkyň ýaşaýyş-durmuşyny has-da gowulandyrmakdaky ähmiýeti dogrusynda täsirli söhbet edildi.