Durmuş mekdebine ak ýol
weather dashoguz 24° C Daşoguz

Durmuş mekdebine ak ýol

Jemgyýet
26.05.2026  41

Her bir güni ýatdan çykmajak taryhy wakalara beslenýän ýurdumyzda 2025-2026-njy okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýen ajaýyp şygar esasynda «Soňky jaň» dabaralary geçirildi. Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, Daşoguz welaýatynda hem baýramçylyk güni ir säher bilen bagtyýar uçurymlaryň ýüzlerçesi Daşoguz şäheriniň görküne görk goşýan Baş baýdak meýdançasyna ýygnandylar. Kalbynda ýagşy arzuw-umytlary bilen bagtyýar geljege rowana bolýan uçurymlar Baş baýdak sütünine gül desselerini goýdular.

Döwlet senasynyň ýaňlanmagy bilen badalga alan «Soňky jaň» dabaralarynda hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň orta mekdepleriniň uçurymlaryna, mugallymlara we ähli bilim işgärlerine iberen Gutlagy okaldy.

Soňra baýramçylyk dabaralary bagtyýar uçurymlaryň aýdym-sazly çykyşlary bilen dowam etdi. Mekdep durmuşy ynsan ömrüniň gymmatly sahypalarynyň biridir. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýunyň giňden bellenilýän ýylynda welaýatyň orta mekdeplerini uçurymlaryň 23900-den gowragy tamamlaýar.

Milli bilim ulgamynda geçirilýän özgertmeleriň netijesinde ýurdumyzyň ähli bilim-terbiýeçilik edaralaryna sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy, okatmagyň iň täze innowasion usullarynyň ulanylmagy ýaşlarymyzyň dünýä derejesinde bilim almagyna şertleri döredýär. 2025-2026-njy okuw ýylynda welaýatyň mekdep okuwçylary «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda 67 sany baýrakly orunlara mynasyp boldular. Halkara olimpiadalarda gazanylan üstünlikler bolsa milli bilim ulgamynda geçirilýän özgertmeleriň guwandyryjy netijeleriniň biridir. Dabaralaryň dowamynda bagtyýar uçurymlaryň mekdebiň simwoliki açaryny birinji synpa gelen okuwçylara dabaraly gowşurmagy tolgundyryjy pursatlara beslendi. Şol pursatda ýaňlanan soňky jaň sesiniň hoş owazy uçurymlaryň kalbyny lerzana getirdi. Asuda asmana uçurylan ak kepderiler bolsa dabaranyň ruhy joşgunyny has-da artdyrdy.

«Soňky jaň» dabarasy mynasybetli dabaralar soňra welaýat kitaphanasynyň öňündäki meýdançada dowam etdi. Dabarada ilki bilen, welaýatyň häkimi Döwletgeldi Babaýew Türkmenistanyň orta mekdepleriniň uçurymlaryna, mugallymlaryna we ähli bilim işgärlerine hormatly Prezidentimiziň iberen Gutlagyny okady. Gutlagda bellenilişi ýaly, bilim asyrlaryň dowamynda kemala gelen milli buýsanjymyzyň gözbaşydyr, abraý-mertebämiziň dünýä dolan belentligidir, abadançylygymyzyň we beýik ösüşlerimiziň sarsmaz binýadydyr. Hormatly Prezidentimiziň Gutlagyny dabara gatnaşyjylar gyzgyn el çarpyşmalar bilen garşyladylar.

Dabarada döwlet we halkara derejede geçirilen bäsleşiklerde ýeňiji bolan mekdep okuwçylaryna we olaryň mugallymlaryna hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Soňra bu ýerde baýramçylyk mynasybetli medeniýet we sungat işgärleriniň baýramçylyk konserti geçirildi. Mekdep durmuşyny, juwan ýaşlygy, nowjuwan bahary hem-de ata Watanymyzyň beýik ösüşlerini wasp edýän aýdym-sazly çykyşlar dabara gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Asuda asmany bezän dürli reňkli şarlar, parahatçylygyň nyşanyna öwrülen akja kepderiler dabara aýratyn many-mazmun bagyşlady.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Özgerişlere bagyşlanan maslahat
28.04.2026   40
Jemgyýet Maslahat geçirildi
02.10.2025   144
Jemgyýet Işjeň geçen duşuşyk
29.05.2026   37
Jemgyýet Bagtyýar ýaşaýşyň kepili
25.07.2024   369
Jemgyýet Derde derman önümler
23.07.2025   342
Jemgyýet Watan gahrymanlaryna buýsanç
10.05.2024   399
Jemgyýet Kanunlar döwrebap kämilleşdirilýär
11.07.2025   192
Jemgyýet Ulgamy ösdürmegiň wezipeleri
14.02.2025   326
image