Bilim ulgamy islendik jemgyýetiň binýady, geljegi we ösüşiniň kepilidir. Bu uly jogapkärçiligi gerdeninde göterýän mugallymlaryň we bilim işgärleriniň zähmet hukuklaryny goramak, durmuş şertlerini gowulandyrmak kärdeşler arkalaşyklarynyň esasy wezipesi bolup durýar. Bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklary diňe bir jemgyýetçilik guramasy bolman, eýsem, mugallymyň hukuklarynyň kepilidir. Gurama işgärleriň iş wagtynyň dogry bellenilmegine, zähmet hakyndaky kanunçylygyň berjaý edilmegine we iş ýerlerinde howpsuzlyk kadalarynyň saklanylmagyna yzygiderli gözegçilik edýär. Kärdeşler arkalaşygy tarapyndan guralýan bäsleşikler, baýramçylyk sowgatlarynyň gowşurylyş dabaralary we tapawutlanan işgärleri sylaglamak çäreleri bilim işgärlerini täze üstünliklere ruhlandyrýar.
Kärdeşler arkalaşygy bilim işgärleriniň saglygyny dikeltmeklerine aýratyn üns berýär. Bu ugurda ýurdumyzyň iň döwrebap şypahanalaryna berilýän ýeňillikli ýollanmalar işgärleriň saglygyny berkitmäge ýardam edýär. Mugallymlaryň arasynda geçirilýän dürli sport bäsleşikleri we medeni çäreler bolsa agzybirligi pugtalandyrmak bilen bir hatarda, olaryň işden boş wagtlaryny netijeli geçirmekligine şert döredýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamy ýurdumyzyň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi. Sanly ulgamyň ösmegi we bilimde täzeçilligiň ornaşdyrylmagy bilen birlikde, bu ugurda zähmet çekýän hünärmenleriň durmuş goraglylygy hem täze derejä çykarylýar. Bu işde bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy özüniň işjeň we döwrebap ilerlemeleri bilen tapawutlanýar.