Dürli daňylar
weather dashoguz 5° C Daşoguz

Dürli daňylar

Medeniýet
10.10.2023  655

Tanap, ýüpler bilen berkidilen islendik goş-golam ýa-da mal-gara diňe «daňmak» sözi bilen däl, eýsem, dürli hili sözler arkaly aňladylýar. Şeýle sözler, esasan, mallaryň daňylmagy bilen baglanyşykly köp gabat gelýär. Mysal üçin, ýörite taýýarlanan tanapyň bir ujuny sygryň şahyna, beýleki ujuny atyzlaryň, çilleriň ýakasynda berkidilen gazyga daňýarlar. Muňa «sygyrlaryň örklenmegi» diýlip, atyzlardaky ekinleri iýmezligi üçin ulanylýan usuldyr. Düýe malynda bolsa «duşamak» sözi bilen aňladylyp, onuň öri meýdanyndan uzaga gitmezligi üçin ýörite berk önümlerden öňki aýaklary daňylýar. Düýe malyna, esasanam, ýaş duluçlara, ikiýaşarlara duşak salmak aňsat däl. Duşaklar ýasalanda, düýäniň horlanmazlygy, aýagyny kesmezligi ýaly ýagdaýlar göz öňünde tutulýar. Gylyksyz düýeleri duşamak üçin «badamak» usulyndan peýdalanylýar. Badamak düýeleriň öňki aýaklarynyň iň ýokarsyndan, döşüniň edil düýbünden ýüp bilen daňmaklykdyr. Öňki aýaklary daňlansoň, düýe artykmaç hereket edip bilmeýär. Duşak salnansoň, badag salnan ýüpi aýyrmaly. «Nogta» bolsa düýeleri öýde saklamak üçin kellesine salynýan ýörite taýýarlanan tanapdyr.

Düýeleriň käbiri birbada sagdyrmaýar. Gylyksyz düýeleri sagmak üçin olar başda bogsaklanýar. «Bogsak» täze köşeklän düýeleriň artky aýaklaryna salynýan daňy. Bogsak salnan düýe saglyp bolýança artky budundan geçirilen tanapdan çekip durmaly. Düýe malynyň göwresi uly bolandygy üçin, belli bir düzgünde saklamaga dürli usullary ulanmaly bolýar. «Owsarlamak» hem şolaryň biri bolup, ol, esasan, kellesine salynýan nogtanyň has berk görnüşidir. Owsarlanan mal eýesiniň erk-islegine görä hereket edýär.

«Kösseklemek» hem atlaryň, sygyrlaryň, käbir ýagdaýlarda goýun-geçi ýaly mallaryň öňki we artky aýaklaryny biri-birine belli bir ölçegde baglamakdyr. Goýun-geçi gyrkylanda, saglanda, daňylaryň dürli görnüşi ulanylýar. Goýny, geçini gyrkmak üçin ony ýykyp, dört aýagynyň daşyndan aýlap ýörite taýýarlanan bir metre golaý uzynlykdaky «güýlük ýüp» bilen berk daňmaly. Bu mallary «güýlmek» usulydyr. Güýlmek hem «güýlük» bir manydaş, kökdeş sözlerdir. Geçi saglanda, onuň şahyndan tutulyp saklanýar, onuň üçin hiç hili tanap ulanylmaýar. Goýunlar bolsa ýörite taýýarlanylan uzyn ýüpe daňmak arkaly sagylýar. «Köken» diýilýän bu usul goýunlar köpçülikleýin saglanda, netijeli işlemäge amatlydyr. Bular geçmişde pederlerimiziň ukyp-başarjaňlygy arkaly döredilip, häzirki wagtda hem gündelik durmuşda işjeň ulanylýan usullardyr. Ulanylýan dürli tärler halkymyzyň her hünäre oýlanyşykly, juda jogapkärçilikli çemeleşýändigini äşgär edýär.

Meňzeş habarlar

Medeniýet Şanly ýylyň çeper waspy
07.05.2026   191
Medeniýet Täze taryhy döwrüň medeni galkynyşy
30.06.2025   369
Medeniýet Şat dünýäniň saýrak bilbilleri
17.04.2024   692
Medeniýet Gadymy we şöhratly Änew
15.03.2024   821
Medeniýet Agajy işläp bejermek sungaty
02.01.2023   778
Medeniýet Milliligiň we döwrebaplygyň sazlaşygy
26.03.2025   604
Medeniýet Bäsleşigiň Daşoguz welaýat tapgyry
19.05.2026   174
image