Dünýäniň nazaryndaky çempionat
weather dashoguz 9° C Daşoguz

Dünýäniň nazaryndaky çempionat

Sport
23.12.2022  372

Dünýäniň iri sport ýaryşlarynyň geçirilýän künjegine öwrülen güneşli Diýarymyz ýene-de bir sport baýramçylygyny — Kuraş boýunça dünýä çempionatyny kabul eder. Bu bolsa, öz gezeginde, halkara we sebit derejesinde sport ýaryşlaryny guramaçylykly geçirmek babatda ýurdumyzyň baý tejribesine dünýäniň sport jemgyýetçiligi, halkara sport guramalary we federasiýalary tarapyndan ýokary baha berilýändiginiň nobatdaky güwäsidir.

Paýtagtymyzda geçirilýän dünýä çempionatyna 50-ä golaý ýurtdan 240-dan gowrak türgeniň gatnaşmagyna garaşylýar. Ak şäherimiz Aşgabat iň köp türgeni kabul etmek bilen, Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň taryhynda mynasyp orun eýelär. Kuraş boýunça halkara assosiasiýa mundan 25 ýyl ozal döredilen hem bolsa, sportuň bu görnüşine bolan gyzyklanma dünýäniň çar künjeginde giň gerim bilen ösmegini dowam etdirýär. Muňa soňky wagtlar Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň her ýyl ýokary guramaçylykly geçirilmegi hem öz täsirini ýetirýär. Aziýanyň merjen şäheri hökmünde ykrar edilen gözel Aşgabat şäheri Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda bu halkara derejeli ýaryşyň on dördünjisini kabul edýär.

Aşgabatda geçirilýän Kuraş boýunça dünýä çempionaty dünýäniň sport söýüjileriniň, janköýerleriniň nazarynyň ýene gözel paýtagtymyza gönükmegine sebäp bolýar. Olar gözel Diýarymyzda ýaýbaňlandyryljak bu sport baýramynyň täsirli pursatlara baý, dünýäniň ussat türgenleriniň arasyndaky göreşleriň tolgundyryjy, çekeleşikli häsiýete eýe boljakdygyna uly ynam bilen garaşýarlar.  Sebäbi Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň dünýäniň sport merkezine, iri sport ýaryşlaryny geçirmekde baý tejribe toplan ýurda öwrülendigini buýsanç bilen aýdyp bileris.

 

Meňzeş habarlar

Sport Ilkinji günüň ilkinjileri
16.04.2024   414
Sport Zenanlaryň ýaryşy
14.03.2024   455
Sport Birinjilik ugrunda bäsleşdiler
24.03.2025   363
Sport Geljegi uly ýaş türgen
09.08.2025   253
Sport Ýaş türgeniň üstünligi
14.02.2023   417
Sport Gyzykly geçen ýaryş
03.02.2025   301
image