Dünýäniň belent ykrary
weather dashoguz 40° C Daşoguz

Dünýäniň belent ykrary

Jemgyýet
09.01.2026  153

Daşoguzyň Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebinde hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasyna mugallymçylyk mekdebiniň mugallymlary, talyplary gatnaşdylar.

Dabarada mekdebiň mugallymlary, Türkmenistanyň at gazanan bilim işgäri Gaýypnazar Nurnazarow, Daşoguz şäher halk maslahatynyň agzasy Maýsa Amangeldiýewa, Serdar Saparow, mekdebiň talyplary Laçyn Halowa dagy çykyş etdiler. Çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň ajaýyp eseriniň ähli halkymyz, aýratyn hem ýaş nesiller üçin hemişelik Bitaraplygymyzyň gadyr-gymmatyna düşünmekde, dünýägaraýşyny artdyrmakda uly gollanma bolup hyzmat etjekdigini buýsanç bilen bellediler. Şeýle hem kitapda hemişelik Bitaraplygymyzyň ähmiýetiniň, dünýäde parahatçylygy, ynanyşmagy gorap saklamagyň taryhy jähtleriniň öz beýanyny tapýandygyny nygtap geçdiler.

Dabarada mugallymçylyk mekdebiniň «Bagtyýar ýaşlyk» medeni merkeziniň aýdymçylarynyň ýerine ýetirmeginde ata Watanymyzy, bagtyýar döwrümizi wasp edýän aýdym-sazlar belentden ýaňlandy.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Tomus — 2025
11.06.2025   257
Jemgyýet Milli senenama — durmuş tejribesi
04.02.2026   164
Jemgyýet Uzak ýaş — bagt peşgeşi
02.04.2026   99
Jemgyýet «Magtymguly diýip adym tutsalar...»
25.12.2024   432
Jemgyýet Ýaşlara raýatlyk pasporty gowşuryldy
14.05.2026   83
Jemgyýet Okuw maslahaty geçirilýär
19.07.2024   475
image