Daşoguz welaýat häkimliginiň kiçi mejlisler zalynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komitetiniň guramagynda «Dünyäde ykrarly, gadamy batly bedew» diýen at bilen dabaraly maslahat geçirildi.
Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň bedew batly ösüşlerini we medeni gymmatlyklarymyzy dabaralandyrmaga bagyşlanan bu maslahata partiýa işgärleri, hormatly ýaşulular, mährem eneler, bilim, medeniýet we sport ulgamlarynyň wekilleri, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri gatnaşdylar.
Maslahatyň dowamynda ahalteke bedewlerimiziň dünýä ýüzündäki şan-şöhraty, olaryň türkmen edebiýatyndaky hem-de taryhyndaky öçmejek orny barada giňişleýin nygtaldy.