Dünýäde Täze ýylyň garşylanyşy
weather dashoguz 27° C Daşoguz

Dünýäde Täze ýylyň garşylanyşy

Jemgyýet
26.12.2025  96

Dünýä halklary Täze ýyly bir wagtda garşy almaýarlar. Ýer ýüzünde ilkinji bolup Täze ýyly garşylaýan döwlet Ýuwaş ummanynyň çägindäki ada döwleti Kiribatidir.

Dünýäniň ýeke-täk yklym döwleti bolan Awstraliýanyň paýtagty Sidneý bilen Aşgabadyň arasynda 6 sagat wagt tapawudy bar. Şonuň üçin biziň Täze ýyl saçagyny taýýarlap ýören pursatlarymyz Sidneýde Täze ýylyň başlanandygynyň alamaty bolan ajaýyp feýerwerkler asmana atylyp başlaýar.

Awstraliýalylaryň bosagasyndan ätlän Täze ýyl 2 sagatdan soň, bular ýaly şagalaňy o diýen halap barmaýan ýaponlaryň gapysyny kakýar. Bu ýurtda 108 gezek ybadathananyň zaňynyň urulmagy Täze ýyly garşylamagyň esasy dabarasy hasaplanýar. Adatça ýaponlar täze ýylyň ilkinji säherinde Günüň dogşuny synlamak üçin deňiz kenaryna we daglara çykýarlar.

Goňşy döwletlerimiziň arasynda gazaklar we gyrgyzlar Täze ýyly bizden bir sagat öň garşylaýarlar. Täze ýyl Pakistan we Özbegistan ýaly döwletleriň halklarynyň bosagasyndan bolsa, biziňki bilen bir wagtda ätleýär.

Täze ýyly bizden soň garşylaýan döwletler hem bar. Dubaýda, Moskwada bizden 1 sagat; Turkiýe, Ukrainada bizden 3 sagat, Londonda bolsa bizden 5 sagat soň Täze ýyla gadam basýarlar.

Hytaý Halk Respublikasynyň halky Täze ýyly baýram etmek üçin 12-nji ýanwara garaşmaly bolýarlar. Çünki hytaýlylaryň düşünjesine görä, Täze ýyl 12-nji ýanwar bilen 19-njy fewral aralygynda täze aýyň dogmagy bilen başlanýar. Bu günlerde hemmeler köçelere çykyp, uly şowhun döredýärler.

Täze ýyl dürli ýurtlarda dürlüçe röwüşde bellenip geçilýär, hatda garşy alynýan wagty-da hemme ýurtlarda deň däl. Ýöne ähli halklaryň maksatlary, islegleri welin deň. Goý, Täze ýyl ähli halklara bagt getirsin!

Meňzeş habarlar

Jemgyýet At-owazy giň jahana ýaýramyş
08.02.2025   300
Jemgyýet Milli buýsanjymyzyň dabarasy
29.04.2026   23
Jemgyýet Ýörelgämiz — sagdyn durmuş
08.04.2026   42
Jemgyýet Döwrebap ulaglar ilatyň hyzmatynda
11.09.2024   404
Jemgyýet Ýaşaýyş hakynda aýdym
20.05.2024   425
Jemgyýet Atlar bilen bagly aýtgylar
22.04.2024   411
Jemgyýet Ätiýaçlandyryşyň täze görnüşi
07.08.2024   324
image