​​​​​​​Dünýäde dabaralanýan taglymat
weather dashoguz 17° C Daşoguz

​​​​​​​Dünýäde dabaralanýan taglymat

Jemgyýet
03.12.2025  120

Hoşniýetli, parahatçylyk söýüjilikli «Açyk gapylar» syýasatyny alyp barýan Türkmenistan BMG-niň we beýleki onlarça halkara we sebit guramalarynyň agzasy bolmak bilen, döwletara çärelerine işjeň gatnaşýar.

Hormatly Prezidentimiziň tagallalary, ilki bilen, ýurduň abadan durmuşyny üpjün etmek bilen bagly bolup durýar. Sebäbi ol halkymyza asudalykda, agzybirlikde, erkin ýaşamaga, mukaddes Garaşsyzlygymyzy, hemişelik Bitaraplygymyzy berkitmäge, bagtyýar durmuşda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedew bady bilen öňe gitmäge uly mümkinçilik berýär. Aýratyn bellemeli zat, hormatly Prezidentimiziň bu ugurdaky tagallasy sebitde howpsuzlygyň berkemegine, döwletara gatnaşyklarynyň ýygjamlaşmagyna, hyzmatdaşlygyň artmagyna getirdi.

Ata Watanymyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda ykrar etmegi bilen eýe bolan hemişelik Bitaraplyk halkara derejesi halkymyzyň güýjüne güýç, ruhuna ruh goşdy. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda gaýtadan ykrar edildi. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ägirt uly halkara ähmiýetli taryhy hem-de şanly wakasy — 2025-nji ýylyň 21-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň üçünji gezek kabul edilmegi ata Watanymyza bolan söýgimizi we buýsanjymyzy has-da artdyrdy.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň dünýä döwletleri tarapyndan goldanylýandygyny nobatdaky gezek tassyklaýan bu Kararnama Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen diplomatiýasynyň gazanan ägirt uly üstünligidir. Türkmenistan parahatçylyk söýüji, ynsanperwer, hoşniýetli ýörelgelere hormat goýýan döwletdir.

Dünýäde ilkinji gezek BMG–niň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen türkmen Bitaraplygy hakykatdanam gudratdyr. Çünki häzirki wagtda Türkmenistan öz Bitaraplyk hukuk derejesine daýanmak bilen, parahatçylyk dörediji döwlet hökmünde dünýä çykýar. Bu günki gün Bitaraplyk ýörelgämiz barha dabaralanyp, döwletimiziň, halkymyzyň ady, şan-şöhraty has-da belende göterilýär. Ol hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli diplomatiýasy, ynsanperwer syýasaty, parahatçylyk ýörelgesi hökmünde bütin dünýäde ykrar edilip, äleme ýaň salýar.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Pähim-paýhasa hormat
01.10.2025   123
Jemgyýet Şanly ýylyň dabaralanmagy
24.01.2025   281
Jemgyýet Obalar döwrüň keşbinde
02.07.2025   223
Jemgyýet Ulag ulgamynyň ygtybarly geljegi
23.08.2025   222
Jemgyýet Egsilmez buýsanjyň beýany
15.05.2025   250
Jemgyýet Parahatlygyň we asudalygyň kepili
04.12.2025   118
Jemgyýet Halypa tüýdükçi bilen duşuşyk
26.02.2025   288
image