Dünýä ýaň salan şäher
weather dashoguz 15° C Daşoguz

Dünýä ýaň salan şäher

Jemgyýet
13.09.2024  536

Her bir güni şanly taryhyň altyn sahypalaryna ýazylýan eziz Diýarymyzda hoş habarlar göwünlere ganat berýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň yhlasyndan binýat bolan ajaýyp Arkadag şäheriniň ýakynda Koreýa Respublikasynda geçirilen «World Smart City Expo 2024» halkara sergisinde «Iň tapawutlanan «akylly» şäher» (Smart city excellence award) atly baş baýraga mynasyp bolmagy şanly ýylymyzda gazanylan üstünlikleriň biri boldy. Bellenilişi ýaly, dünýäniň 60-dan gowrak döwletiniň we kompaniýalarynyň gatnaşmagynda geçirilen sergide jemi 116 pawilýon görkezildi. Şolaryň arasynda bu baýragyň Arkadag şäherine ilkinji bolup gowşurylmagy Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň şähergurluşyk maksatnamalarynyň halkara ykrarnamasyna eýe bolýandygyny alamatlandyrýar.

Koreýa Respublikasynda geçirilen halkara sergide «akylly» Arkadag şäheri «Daşary ýurt «akylly» şäheri» (Foreign city award); «World Smart City Expo 2024» halkara sergisine goşan goşandy üçin» (WSCE 2024 Contribution award) atly baýraklara-da mynasyp boldy. Bularyň ählisi sebitde deňi-taýy bolmadyk ajaýyp şäheriň şan-şöhratynyň bütin dünýä içre ýaýylýandygynyň nyşanydyr.

Dünýä ýaň salan Arkadag şäheri ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň barha artýandygyny hem-de ata Watanymyzyň bagtly ýaşaýşyň mekanydygyny görkezýär. Döwlet Baştutanymyzyň ak patasy bilen geçen ýylyň 29-njy iýunynda dabaraly ýagdaýda açylan Arkadag şäheri bagtyýarlygyň hem-de rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Gadymy hem-de müdimi mukaddes toprakda gurlan bu ajaýyp şäheriň şeýle halkara baýraklara mynasyp bolmagy köňüllere buýsanç, göwünlere ganat berdi.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Zähmete sarpanyň dabaralanmasy
13.12.2024   385
Jemgyýet Ussatlyk mekdebi
15.04.2024   516
Jemgyýet Bäsleşigiň Daşoguz welaýat tapgyry
16.03.2026   144
Jemgyýet Hasabat-saýlaw ýygnaklary dowam edýär
30.01.2026   194
Jemgyýet Bedew batly Türkmenistan
20.01.2026   203
Jemgyýet Dost-doganlygyň aýdyň nyşany
13.09.2025   217
Jemgyýet Şadyýan tomus
23.06.2025   333
image