Dünýä rekordyny täzelän ildeşimiz
weather dashoguz 17° C Daşoguz

Dünýä rekordyny täzelän ildeşimiz

Jemgyýet
04.10.2024  265

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň halkara derejedäki sport abraýy barha belende galýar. Halkara ýaryşlarda, çempionatlarda ýurdumyza wekilçilik edip, belent sepgitleri, ýeňişli menzilleri eýeleýän ýaş türgenleri synlap, Garaşsyz Türkmenistan döwletimizde sagdyn, maksada okgunly nesliň kemala gelýändigine göz ýetirmek bolýar.

Ildeşimiz Şahzadbek Matýakubowyň ýakynda agyr atletika boýunça Ispaniýanyň Leon şäherinde geçirilen ýaşlaryň arasyndaky jahan çempionatynda dünýä rekordyny täzelemegi bilen, bu hakykata bütin älem şaýat boldy. Ol dünýä çempionatynda 102 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip, ştangany silterläp götermekde 175 kilogramlyk netije bilen, ýene bir dünýä rekordyny täzelemäge az galdy. Muňa garamazdan, boýny altyn medally Şahzadbek ýeňiş münberiniň birinji basgançagyny eýeledi. Ildeşimiz agyrlygy itekläp galdyrmak boýunça 216 kilogramlyk netije görkezip, dünýä rekordyny täzelemegiň hötdesinden geldi. Ol bu agram derejäniň uly altyn medalyna hem mynasyp boldy.

Şahzadbek Matýakubowyň ilkinji halypasynyň agasy Nabijon Matýakubowdygyny, ýagny onuň Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabyndaky 6-njy sport mekdebinde tälim alandygyny aýratyn nygtamak zerur.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Sagdyn durmuş ýörelgesi wagyz edildi
06.08.2024   282
Jemgyýet Gymmaty egsilmejek ruhy hazyna
06.01.2025   289
Jemgyýet Merdanalygyň belent nusgasy
08.05.2025   191
Jemgyýet Gözelligiň we nuranalygyň baýramy
06.03.2024   897
Jemgyýet Haýyr-sahawatlylygyň baýramy
06.06.2025   176
Jemgyýet Dil öwrenmek döwrüň talaby
23.07.2025   161
Jemgyýet Şanly ýylyň dabarasy
23.11.2024   295
image