Halkymyzyň milli gymmatlygy bolan türkmen alabaýyny ösdürip ýetişdirmek däpleriniň BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi tamamlanyp barýan ýylyň buýsançly wakasyna öwrüldi.
Gadymy Altyndepede arheologlar tarapyndan gazuw-agtaryş işleri geçirilende tapylan bürünçden ýasalan itiň heýkeli türkmen alabaý itleriniň biziň eýýamymyzdan üç müň ýyl mundan ozal eldekileşdirilendigine şaýatlyk edýär.
Geçmişde türkmenler çarwadarlyk bilen meşgul bolup, öz mallaryny çölüň jöwzaly yssysynda, dag etekleriniň we daglaryň aýazly sowuklarynda bakypdyrlar, şol sebäpli çopanlar elmydama mal bakanlarynda olaryň ýoldaşy bolan sagdyn türkmen alabaý itleri howanyň yssysyna we sowugyna çydapdyrlar. Alabaýlar irki döwürden bäri türkmenleriň mal sürüsine, öýüne, ojagyna çozjak duşmandan we dürli ýyrtyjy haýwanlaryň howp salmagyndan eýesini goraýan wepaly ýoldaş hasaplanyp gelnipdir. Olar barada ýene-de aýtmaly zatlaryň biri, olaryň çydamlylygy, eýesine wepalylygy bilen eýesi tarapyndan döredilen şertlere kaýyl bolup, eýelerini terk etmeýänligidir. Olar güýçli ösen duýuş agzalary bilen tapawutlanýarlar, olaryň ys alyjylygy adamlaryňka garanyňda 11,5 müň esse güýçlüdir, olar öz duýgurlygy bilen öýe gelýän adamlaryň nähili niýet bilen gelýändigini hem aňlaýarlar we ýaramaz niýetli adamlara üýrmek arkaly ol barada eýesine habar berýärler.