Asly halal halkymyzyň zandyna guýlan, pederlerimizden gelýän ajaýyp häsiýetleri bar. Şolaryň iň esasylarynyň biri-de parahatçylyk söýüjilikdir. Biz munuň şeýlediginiň ädimsaýyn şaýady bolýarys. Üns berýän bolsak, dili senaly aksakgal gojalarymyzyň, kümüş saçly enelerimiziň töwir galdyranlarynda edýän doga-dilegleri hem il agzybirligi, ýurt parahatçylygy, asman asudalygy, dünýäniň abatlygy baradadyr. Bu barada oýlananyňda, bir wagtlar rowaç bolan aýdymyň:
Bolmasyn, bolmasyn, uruş bolmasyn,
Iller şat ýaşasyn, güller solmasyn,
Parahat dünýäni küýseýär ýürek,
Halklara uruş däl, rahatlyk gerek —
diýen ajaýyp setirleriniň mylaýym owazy gulagyňda ýaňlanyp giden ýaly bolýar.
Halkymyzda üçem çaga dünýä inse, asylly yryma eýerilip olara Dünýä, Dursun, Parahat ýa-da Jahan, Abadan, Dursun ýaly ajaýyp atlaryň dakylmagy-da döwletli däp bolup gelýär.
«Iki adam uruşsa, öter ýaly ýol berme». Türkmen nusgawy şahyry Mollanepesiň meşhur «Ner gezgin» goşgusyndan getirilen bu setirde ynsanlary uruşdyryp, tomaşakär bolmazlyk, olary aralamak, ylalaşdyrmak-ýaraşdyrmak ündelýär. Ýeri gelende aýtsak, gadymdan gelýän bu ýörelge-ugur ýurdumyzyň häzirki alyp barýan, bütin dünýäde oňlanylýan, adamzat jemgyýetçiligi tarapyndan makullanylýan, giň goldawa eýe bolýan parahatçylyk söýüjilikli, oňyn Bitaraplyk syýasatymyzda-da öz beýanyny tapýar.
Mermer paýtagtymyz gözel Aşgabadyň sebitde ylalaşdyryjy merkez bolup durýandygy-da biziň buýsanjymyza buýsanç, guwanjymyza guwanç goşýar. Hut biziň ýurdumyzyň asylly teklibi bilen 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi bolsa, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan öňe sürülýän beýik başlangyçlaryň dünýä jemgyýetçiliginde kanagatlanma duýgusyny döredýändiginiň ýene-de bir aýdyň ýüze çykmasy boldy.