Dünýä ähmiýetli hyzmatdaşlyk
weather dashoguz 12° C Daşoguz

Dünýä ähmiýetli hyzmatdaşlyk

Jemgyýet
05.08.2025  168

Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýerip, Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirýär. Beýleki ugurlar bilen bir hatarda, ulag diplomatiýasy hem Bitarap ýurdumyzyň durmuşa geçirýän daşary syýasatynyň binýadynda durýar. Bilşimiz ýaly, Türkmenistan ulag ulgamy boýunça möhüm halkara başlangyçlary öňe sürdi. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan bu babatda degişli Kararnamalaryň birnäçesiniň kabul edilmegi hem muny doly tassyklaýar.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçiriljek Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň üçünji maslahaty hem möhüm ähmiýete eýedir. Bitarap Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlykda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň arasynda söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary işjeňleşdirmek maksady bilen, hyzmatdaşlygy berkitmege wajyp ähmiýet berýär. Şonuň netijesinde 2022-nji ýylyň awgust aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň gatnaşmagynda halkara maslahatyň geçirilendigini buýsanç bilen bellemek bolar. Şol maslahatyň dowamynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygyny ösdürmekde Hazar deňziniň üsti bilen Ýewropa we Günbatara üstaşyr geçelgeleriň hyzmatyndan peýdalanmak mümkinçiligi beýan edildi. Geçen gysga wagtyň dowamynda bu özara bähbitli hyzmatdaşlyk giň goldaw tapdy. Bu babatda Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň üsti bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň amatlydygy halkara bileleşigi tarapyndan ykrar edildi.

Halklary parahatçylyga, ynanyşmaga we dost-doganlyga çagyrýan şanly ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň üçünji maslahatyny geçirmek meýilleşdirildi. Hormatly Prezidentimiziň gol çeken Kararyna laýyklykda, 4 — 8-nji awgustda bu taryhy ähmiýetli maslahaty «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirmek bellenildi. Ýakynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, halkara maslahata görülýän taýýarlyk işleri bilen ýakyndan tanyşmagy, bu ugurda ýerine ýetirilmeli işler boýunça gymmatly maslahatlaryny bermegi tutuş halkymyzy diýseň buýsandyrdy. Maslahata gatnaşyjylaryň türkmen myhmansöýerligi bilen garşylanylmagy, olaryň işlemegi, dynç almagy üçin ähli amatly mümkinçilikleriň döredilmegi bilen bagly meseleler Gahryman Arkadagymyzyň üns merkezinde saklanýar.

 

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Işjeňligiň döwrebap nusgasy
07.09.2024   360
Jemgyýet Saglyk ulgamynyň ösüşli menzilleri
02.12.2024   324
Jemgyýet Söhbetdeşlik geçirildi
30.11.2024   338
Jemgyýet Sanly ykdysadyýet — döwrüň talaby
03.12.2024   356
Jemgyýet «Awazada» guralan okuw maslahaty
04.03.2025   279
Jemgyýet Şanly ýylymyzyň waspçylary
17.12.2024   291
Jemgyýet Şanly ýylyň şanyna
10.04.2026   23
image