Döwürleriň hem köňülleriň çyragy
weather dashoguz 37° C Daşoguz

Döwürleriň hem köňülleriň çyragy

Jemgyýet
23.05.2024  390

Golaýda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň we «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň açylmagy mynasybetli, «Daşoguz habarlary» gazetiniň redaksiýasynyň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat geňeşi hem-de Daşoguz welaýat kitaphanasy bilen bilelikde guran «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşligi täsirli pursatlara baý boldy.

«Şan-şöhraty dünýä dolan Pyragy, döwürleriň, köňülleriň çyragy» ady bilen geçirilen söhbetdeşligiň dowamynda çykyş edenler «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda daşary ýurtly söz ussatlarynyň heýkelleriniň oturdylmagynyň uly ähmiýete eýedigini nygtadylar. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, asman we Zemin içre akyldar şahyrymyzyň beýik ýadygärliginiň Köpetdagyň eteginde seleňläp görünýändigi çykyşlarda giňişleýin aýdyldy.

Söhbetdeşligiň dowamynda akyldar şahyrymyzyň goşgulary ýerleşdirilen «Magtymguly» atly kitabyň çapdan çykmagynyň tutuş halkymyzy begendirendigi aýdyldy.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Maşgala gymmatlygy wagyz edilýär
11.10.2024   407
Jemgyýet Hyzmatdaşlyk arkaly ösüşe tarap
15.08.2025   232
Jemgyýet Dostlukly ýörelgeler rowaçlanýar
10.11.2025   179
Jemgyýet Baýramçylygyň taryhy
21.12.2024   359
Jemgyýet «Bagtyýar nesilde» bagtyýar çagalar
25.06.2026   61
Jemgyýet Täze ösüşlere badalga
14.01.2026   120
image